Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Partlama bomba sebäp boldy


Ukrainanyň içeri işler ministri ýurduň gaz geçiriji liniýalarynyň birinde bolan partlama bombanyň sebäp bolandygyny habar berýär.

Arsen Awakow bu barada 18-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda yglan etdi. Awakowyň bu çykyşy Russiýanyň tebigy gazyny Ýewropa akdyrýan gazgeçiriji liniýasy partladylandan bir gün soň bolup geçdi.

Partlamanyň netijesinde adam ýitgisi bolmady we tebigy gazyň akdyrylmagynyň arasy üzülmedi.

Premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk gürrüňi gidýän hüjümiň “ynamdar tranzit hyzmatdaşy hökmünde Ukrainany abraýdan” gaçyrmak maksady bilen amala aşyrylandygyny aýdyp, bolup biljek hüjümleriň öňüni almak üçin ýurduň tebigy gazgeçiriji desgalarynyň töwereginde howpsuzlygyň güýçlendirilmegi barada tabşyryk berdi.

Moskwada bolsa, “Gazprom” kärhanasy Ukrainanyň tebigy gazgeçiriji ulgamlaryna ýeterlik maliýe ýatyrmandygy sebäpli, onda has köp “hadysalaryň” boljakdygy barada çaklamalary öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG