Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Nigeriýa: Partlamada 13 adam öldi


Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda, adamlaryň futbol boýunça Dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin ýygnanan ýerinde partlama boldy.

Şaýatlaryň we saglyk işgärleriniň sözlerine görä, ýurduň Damaturu obasynda bolan partlamada azyndan 13 adam ölüpdir. Partlamanyň bolan territoriýasy “Boko Haram” atly yslamçy söweşiji topar tarapyndan yzygiderli nyşana alynýar.

Nigeriýanyň hökümeti hüjümleriň amala aşyrylmagyndan alada edip, ýaşaýjylara futbol boýunça Dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin ýygnanyşmakdan gaça durmagy maslahat berdi.

“Boko Haram” topary Nigeriýanyň durnuksyz demirgazygynda yslam döwletini ornaşdyrmak üçin 2009-njy ýyldan bäri müňlerçe adamy öldürdi. Aprel aýynda “Boko Haram” topary ýurduň mekdepleriniň birinden 200-den gowrak gyzy alyp gaçypdy.
XS
SM
MD
LG