Sepleriň elýeterliligi

Söhbetdeşlik: “Demokratiýany bökdeýän doktrina”


Orsýete tarapdar separatist saýlaw nokadyndan alnan gapyrjaklary tutup dur, Donetsk, 23-nji maý, 2014.

Orsýete tarapdar separatist saýlaw nokadyndan alnan gapyrjaklary tutup dur, Donetsk, 23-nji maý, 2014.

Awtoritar döwletler öz ýurdunda media we graždan jemgyýetçiligine garşy ulanýan syýasatyny başga ýurtlara hem eksport edip, demokratiýany gorky astynda saklamak maksadyna eýerýärler. Bu ýagdaýa içgin syn etmegiň wagty geldi diýip, Demokratiýa ugrundaky milli fonduň Demokratik barlaglar boýunça halkara forumynyň ýerine ýetiriji müdiri Kristofer Walker (Christopher Walker) aýdýar. AÝ/AR Kristofer Walker bilen söhbetdeş bolup, onuň “demokratiýany bökdeýän doktrina” diýip atlandyran pikirleri bilen gyzyklandy.

AÝ/AR: Kristofer, siz “The Washington Post” gazetinde äşgär eden nukdaýnazaryňyzda ençeme awtoritar ýurduň ýaş demokratik ýurtlary ýa-da demokratik bolmak isleýän ýurtlary bu ösüşden saklamak üçin öz daşary syýasatyny ulanýandygyny aýtdyňyz. Siz “demokratiýany bökdeýän doktrina” diýip atlandyran bu pikiriňize Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini mysal edip aldyňyz we Orsýetiň goňşy Ukrainada häkimiýet başyna öz awtoritar sistemasyna howp salyp biljek başarjaň hökümetiň gelmeginiň öňüni almak isländigini aýtdyňyz. Siz bu ugurdan öz garaýyşlaryňyzy jikme-jik düşündiräýseňiz?

Kristofer Walker: Meniň pikirimçe, awtoritar görnüşleriň, şol sanda Orsýetiň aýratynlyklarynyň biri olaryň öz içinde ulanýan standartlaryny serhetleriniň daşynda hem ulanmaklarydyr. Bu ýurtlaryň ählisinde graždan jemgyýetçiligi, garaşsyz metbugat we syýasy partiýalar üçin mümkinçilikler örän çäkli bolýar we olar hut şu ugry özleriniň daşary syýasatynda hem ulanýarlar.

Orsýetiň mysalynda aýtsak, Krymyň anneksiýasy Krymyň mediasynyň häzir edil Orsýetiň standartlaryna doly geçendigini görkezdi. Gysgaça aýdylanda, Orsýetiň repressiw düzgünleri häzirki wagtda Krymyň mediasynda, syýasatynda we graždan jemgyýetçiliginde doly ornaşdyryldy. Şeýle-de Ukrainanyň gündogarynda häzir dowam edýän we Orsýetiň prowokasiýasy hökmünde garalýan ýagdaýlar ýurdy örän durnuksyzlaşdyrýar. Bu ugurdan ukrainalylaryň köpüsi korrupsiýanyň azalmagyny we hökümetiň has jogapkärçilikli bolmagyny isleýän hem bolsa, Orsýet tarapyndan bidüzgünçiliklere meçew berilýän ýurduň örän möhüm böleginde krizis dowam edýärkä, bu maksatlara ýetmek örän kyn.

AÝ/AR: Siz öz çykyşyňyzda Ukrainanyň regionda Orsýetiň repressiw daşary syýasy çäreleriniň nyşanasyna alnan ýeke-täk ýurt däldigini aýtdyňyz we Gürjüstany hem Moldowany mysal hökmünde agzadyňyz. Orsýet regionda demokratik gymmatlyklara eýerýän ýurtlar babatynda nähili hereket edýär?

Kristofer Walker: Reformalary geçirmäge synanyşan ýurtlarda, görşümiz ýaly, Orsýet örän ynamsyz partnýordyr. Biz muny Orsýet Gürjüstana goşun salanda-da, Gürjüstana we regionyň beýleki ýurtlaryna garşy dürli ykdysady sanksiýalary we böwetleri ulananda-da gördük. Bu usul soňky 20 ýylyň dowamynda Baltika döwletleri babatynda-da ol ýa beýleki ugurlardan ulanyldy.

Şeýlelikde bu ýurtlaryň hökümetleriniň öz-özüni dolandyryşyny jogapkärçilik we demokratik taýdan gowulandyrmak ukybyny çäklendirmäge dürli synanyşyklaryň edilendigini görmek mümkin.

AÝ/AR: Geliň, Orsýetden başga ýurtlaryň - siz Eýrany, Hytaýy we Saud Arabystanyny hem agzadyňyz - demokratiýanyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin ulanýan usullaryna syn edeliň. Siz “bökdemek usullarynyň” üç ugruny, ýagny halkara institutlary, awtoritar döwletlere howp döredip biljek ýaş demokratiýalary we demokratik ösüşe islegli ýa-da üstünlikli ýurtlary bökdemek we awtoritar ideýalary eksport etmek ýaly ugurlary kesgitlediňiz.

Kristofer Walker: Eger regional ýa halkara guramalaryna syn etseňiz, siz ýaňky agzan döwletleriňiziň, ýagny Hytaýyň, Orsýetiň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň we Latyn Amerikasynyň Wenesuela ýaly döwletleriniň hökümetleriniň hakyky maksadynyň Sowuk uruş tamamlanandan soňky esasy maksadynyň demokratik standartlary öňe sürýän guramalaryň ähmiýetini peseltmekden we olara päsgel bermekden ybaratdygyny görüp bilersiňiz.

Ýewropa babatynda aýdylanda, bu Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy ýaly guramalary, şeýle-de ÝHHG-ni öz içine alyp biler.

Şol bir wagtyň özünde-de, meniň pikirimçe, bu ýagdaýa mahsus esasy mesele režimleriň agzalan giňişliklerde awtoritar kadalary ornaşdyrmaga gönükdirilen alternatiw guramalary döretmegi bilen baglydyr.

Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň özgerişine syn edýäris we Ýewraziýa Gümrük Bileleşiginiň ösýändigini görýäris. Bu guramalaryň, eger-de olaryň agzalýan režimler tarapyndan döredilendigini unutmasaň, onda olaryň göz öňünde tutulan maksatlara doly gabat gelýändigini aýdyp bolmaýar. Emma welin, şol bir wagtyň özünde-de olaryň ykrar edilen demokratik normalara garşy çykýan kadalary ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini belläp bolýar. Bu bolsa demokratik talaplary kesgitlemek boýunça edilen işlere häzirki wagtda şübhe bildirilmegine sebäp boldy we tutuşlygyna alanyňda, demokratiýa üçin belli bir derejede problemalary döretdi.

AÝ/AR: Bu režimler ideýalaryň wajypdygyny gowy bilýärler we öz döwlet mediasyny, şeýle-de barha ýaýbaňlanýan sosial mediany ýurduň içinde we daşynda öz pikirlerini ornaşdyrmak üçin ulanýarlar diýdiňiz. Bu tagallalar, siziň pikiriňize görä, näderejede netijeli?

Kristofer Walker: Elbetde, bu tagallalar şol režimleriň çakdanaşa köp serişdeleri sarp edýän ugurlarynyň biridir. Netijede, eger biz döwlet mediasynyň içerki ýagdaýyna syn etsek, ýurtlaryň ählisinde döwlet habar serişdeleri bar we olar ýerli jemgyýetlerde uly rol oýnaýarlar. Munuň gyzykly tarapy, ýurduň serhetleriniň çäginde aýlanýan pikirlere gözegçilik edýän bu režimler agzalýan ideýalaryň serhetleriň daşynda ýaýbaňlanmagyna hem deň derejede gatnaşýarlar. Emma bu köplenç düýpden liberal bolmadyk tärler arkaly amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, eger biz Orsýet barada aýtsak, “Russia Today”, ”Şu günki Orsýet” telewizion kanaly we munuň bilen bagly beýleki guramalaryň we media serişdeleriniň Orsýet döwleti tarapyndan ýöredilýän ideýalary daşary ýurtlarda wagyz etmek üçin döredilendigini görýäris. Bu ugurdan soňky ýyllarda hakykatdanam ägirt uly tagallalar edildi. Olar muňa gönüden-göni çemeleşdiler, bu tagallalara uly möçberdäki serişdeler sarp edildi. Elbetde, bu Orsýetiň öz serhetleriniň daşyndaky auditoriýa täsir ýetirmek boýunça edýän tagallalarydyr.

Bu diňe bir iňlis dilli ýurtlar däl-de, eýse diskussiýa edilýän pikir bäsdeşligi ugrunda üns berilýän beýleki regionlara-da degişli. Orsýetiň yzygiderli görnüşde alyp barýan arap we ispan dillerindäki proýektleri bar, Hytaýyň CCTV media kompaniýasy dürli regionlara niýetlenen dürli proýektleri amala aşyrýar.

CCTV sub-Sahara Afrikada öz proýektlerini tutuş kontitente ýaýbaňlandymak boýunça hakyky tagallalary amala aşyrýar. Bu demokratik gymmatlyklary ýaýratmaga gönükdirilen beýleki habar serişdeleriniň çäklendirilýän we azaldylýan wagty bolup geçýär. Bu ýagdaý iňňän repressiw we liberal bolmadyk ýurtlaryň hökümetleriniň öz mediasy arkaly islendik meseleleri nädip ýoýýandygy baradaky soraglary orta çykarýar.

AÝ/AR: Biziň häzir gürrüňini edýän meselämize degişili nähili çykalgalary tappyp bolar? Demokratik ýurtlar Orsýetiň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň repressiw hereketlerine garşy nähili reaksiýa görkezip bilerler?

Kristofer Walker: Käbir ugurlardan seredilende, biz häzir örän agyr döwri başdan geçirýäris. Sebäbi demokratiýalaryň özleri-de agyr problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Emma bu ýagdaý demokratik ýurtlary öz gymmatlyklary we talaplary barada açyk gürrüň etmekden saklamaly däl. Men demokratiýalaryň öz kemçiliklerini boýun almaklary nädogry hereket diýip pikir etmeýärin. Demokratik sistemalarda hem kemçilikler bar. Emma bellemeli zat, demokratiýanyň sesi soňky ýyllarda gowşady. Bu bolsa iň bärkisi demokratiýa ýurtlarynyň bütin dünýäde adam hukuklary boýunça standartlaryň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada has ynamly we aç-açan seslenmeklerine talabyň bardygyny aňladýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG