Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emeli intellekt mümkinçiligi


Wladimir Weselow
Wladimir Weselow

Kompýuter Týuringiň synaglaryndan geçip, adamlary aldamagy, ýagny 13 ýaşly ukrain oglanydyr öýdülmegini başaran ilkinji maşyn boldy. Gepleýän roboty döredijileriň biri Orsýetde doglan, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Wladimir Weselow bu gazanylan üstünligiň emeli akyla bolan gyzyklanmany ösdürjegine umyt baglaýar. Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy (Azatlyk Radiosy:) Wladimir Weselow bilen öz döreden roboty barada söhbetdeşlik gurady.

Azatlyk Radiosy: Siziň kompýuter programmaňyz şu aýyň başynda meşhur Týuring testinden geçip, maşynyň adam ýaly gürrüňdeşlige eýerip bilýändigini görkezdi. Bu kompýuteriň şeýle synagdan, tanymal britan kompýuter alymy we matematigi Alan Týuring tarapyndan 1950-nji ýylda taýýarlanan testden ilkinji gezek üstünlikli geçişi boldy. Seniň toparyň tarapyndan döredilen programma panel sudýalaryny 33 prosent derejesinde, munuň 13 ýaşly ukrainaly Eugene Goostmandygyna ynandyryp bildi. Bu Eugeniň emeli intellekt, ýagny ýasama akyl hökmünde suratlandyrylyp biljegini aňladýarmy?

Wladimir Weselow: Biziň robotymyz adam bilen bäş minutlyk dialoga gatnaşyp, gürleşen bolmagy başarýar. Häzir köp adam biziň robotymyzyň hakykatdan hem testden geçendigine şübhe bildirýär. Emma muňa garamazdan, bu test hakykatdanam örän obýektiw boldy. Ol ýerde 30 sudýa boldy we olar her tapgyrda iki penjiräni açyp goýdular. Olaryň, açyk penjireleriň birinde hakyky adam boldy, beýlekisinde robot boldy. Olar bularyň haýsysynyň haýsydygyny bilip bilmediler. Olaryň hersi iki gezek bäş minutlyk dialog, ýagny gepleşik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Test mahalynda nähili soraglar soraldy?

Wladimir Weselow: Esasan şeýleräk gürrüň edilýär: «Salam, ýagdaýlar nähili? Sen kim? Sen nireden?» Emma käbir soragçylar «Pol futbol oýnaýar. Pol näme edýär?» Ýa-da «Gyzyl maşynyň reňki nähili?» diýen ýaly ýeser soraglary hem berdiler.

Azatlyk Radiosy: Siz bu programmanyň üstünde haçan işläp başladyňyz?

Wladimir Weselow: 2001-nji ýylda, 13 ýyl mundan öň.

Azatlyk Radiosy: Bu programma ýörite Týuring testinde bäsleşmek üçin döredildimi ýa-da başda onuň başga maksatlary hem boldumy?

Wladimir Weselow: Diňe gepleýän robot däl, eýsem tekstleri işlemekde, aýdaly, ätiýaçlandyryş syýasatlary ýaly önümler toplumynyň bahalaryny hasaplamakda ulanyp bolýan uniwersal gural ýasamak isledik. Soňra biz bu tehnologiýany nähili görkezip boljagynyň pikirini etmäge başladyk. Olaryň iň ýönekeýi, has elýeterli görnüşi hemmeler üçin açyk Loebner sylagy, ýagny Týuring testi boýunça ýyllyk bäsleşik boldy.

Men tankydy, kählatlarda bolsa gönümel kemsidiji teswirleriň köplügine haýran galdym. Käbir adamlar Týuring testi dogry-düzüw geçirilmedi diýýýär. Bu dogry, sorag berýänleriň hemmesi Loebner sylagynyň özündäki ýaly ekspert däl. Olaryň köpüsi ýeser soraglary nädip soramalydygyny bilmeýär. Ýöne Alan Týuringiň özi sudýalar, söhbetdeşler adaty adamlar, «ortaça soragçylar» bolmaly diýdi.

Emma muňa garamazdan, biz emeli akylyň, ýasama intellektiň işlenip düzülmeginde taryhy ädimiň ädilendigi hakynda gürrüň edip bilmeris. Käbir manyda, bu edebi we psihologiki babatda synagdan geçen robotuň döredilmegi bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Onda siz Týuring testi emeli intellektiň bardygyny däl-de, eýsem kompýuteriň adama öýkünmek ukybyny derňeýär diýýärsiňiz-dä, şeýlemi?

Wladimir Weselow: Hawa, ýogsa men emeli intellekti döretmek hem mümkin diýip pikir edýärin. Eger-de bir zat anyk kesgitlenilse, ol köplenç awtomatlaşdyrylyp bilner. Biz ozal adamlar üçin çäkli hasaplanan köp hereketleri awtomatlaşdyrmagy öwrenýäris, mysal üçin teksti tanamagy, sesi tanamagy. Indi Google kompýuterler tarapyndan sürülýän maşynlary öndürmäge başlaýar. Bu bir çylşyrymly algoritm, siz muny emeli intellekt diýip atlandyryp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy: Her neneňsi hem bolsa, Eugene bizi emeli intellekte bir ädim golaýlatdymy ýa-da biz tomaşa, güýmenje tehnologiýasy barada gürrüň edýärismi?

Wladimir Weselow: Men bu, her neneňsi hem bolsa, oňyn manyda tomaşa, güýmenje tehnologiýasy diýerdim. Men bu şu tema has kän üns berilmegine kömek edermikä diýýärin. Eger-de mekdep okuwçylary we studentler kompýuter oýunlaryny oýnamagy bes edip, oňa derek has gowy robotlary ýasamaga synansalar, hakyky emeli intellekti döretmäge baş goşsalar gowy bolardy.

Azatlyk Radiosy: Sizi öz programmaňyzyň esasynda goýmak üçin 13 ýaşly odessaly, ukrainaly oglany saýlap almaga näme mejbur etdi? Bu ýetginjegiň soraglara uly adama garanda başarnyksyzrak jogap bermegine garaşylýandygy üçinmi?

Wladimir Weselow: Munuň sebäpleriň bir bölegi bolmagy ahmal. Emma ahyr netijede her bir adam soragyň jogabyny bilmeýändigini aýdyp biler. Programmalaryň professorlara öýkünmegi talap edilmeýär. Bu obrazy teklip eden programma boýunça egindeşim Ýewgeniý Demçenko boldy, onuň özi Ukrainada önüp-ösen. Ol ýerde [Eugene Goostman bilen] gürrüňini edip boljak bir topar tema bar, muňa onuň ejesi, kakasy hem girýär. Biz muny örän özboluşly ideýa hasapladyk.

Azatlyk Radiosy: Siz Eugeni teste taýýarladyňyzmy? Sudýalaryň Ukrainadaky häzirki syýasy krizis barada soramagy bolup biläýjek bir zatdy. Emma Eugene, görnüşinden, henizem Leonid Kuçma Ukrainanyň prezidentidir öýdýär.

Wladimir Weselow: "Ýok, biz teste düýpden taýýarlamadyk. Bilim bazasyny üýtgetmek töwekgelçilikli prosedura. Haçanda sen täze maglumat goşanyňda, täze modelleriň köneleriň üstüni örtmegi we umumy hile zyýan ýetirmegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Týuring testi bilen Loebner sylagynyň arasynda nähili tapawut bar?

Wladimir Weselow: Loebner sylagynyň düzgünleri üýtgedi, indi seçip almak bar. 15 sorag soralýar, hemme robota şol bir soraglar berilýär. Iň gowy jogap beren dört robot finala çykýar. Şeýlelikde, gürrüňdeşlik ukybyna ýörite soraglara jogap bermekden az baha berilýär. Iň soňunda ýeňiji bolýan robotlar hakykatda adama meňzemeýär.

Men Loebner sylagyny robotlaryň arasyndaky gözellik ýaryşy ýaly bir zada deňärdim. Ol köplenç robotlaryň intellektini ölçemäge, olaryň ýeser soraglara jogap bermek ukybyny kesgitlemäge gönükdirilen. Biziň geçen testimiziň biraz başgarak maksady bar. Emma bu ýaryşlaryň haýsy biriniň ylym üçin has möhümdigini aýtmak kyn.

XS
SM
MD
LG