Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlyk kanuny adamlary alada goýýar


Döwlet Dumasynyň deputaty Andreý Lugowoý, 16-njy maý, 2014
Döwlet Dumasynyň deputaty Andreý Lugowoý, 16-njy maý, 2014

Orsýetiň goşa raýatlyga eýe bolan öz raýatlaryndan daşary ýurt pasportlary barada hasabat bermegi talap edýän gapma-garşylykly kanuny dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň arasynda aladalanma we kanunyň berjaý edilmegine degişli soraglary döretdi.

Orsýetiň, eger öz raýatlarynda daşary ýurt pasporty bar bolsa we bu hakda ors häkimiýetlerine maglumat bermese, muňa jenaýat hökmünde garaýan täze kanuny Kremliň öz garşydaşlaryna ýurduň içinde täzeden basyş etmek niýeti baradaky gorkulary güýçlendirdi. Emma bu kanun iş ýüzünde daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetlileriň hem özlerinde bar bolan başga ýurtlaryň dokumentleri barada habar bermek borçlaryny anyklamaga çalyşmagyna sebäp boldy.

Olar hem kanunda ünsden düşürilen bolmaly däl.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 4-nji iýunda gol çeken kanuny Orsýetiň serhetleriniň çäginde ýaşaýan orsýet raýatlaryndan başga ýurduň pasportyna ýa-da ýaşamak üçin hukuga eýe bolan halatynda bu barada hasabat bermegi talap edýär, emma Orsýetiň çäklerinden daşarda “hemişelik ýaşaýan” orsýetlileri göz öňünde tutmaýar.

Şol bir wagtda-da bu kanun zerarly ýurduň daşynda ýaşaýan ýüzlerçe müň orsýetlileriň öz daşary ýurt pasportlary barada maglumat bermäge ýa-da Orsýetiň raýatlygyndan ýüz öwürmäge mejbur bolmagy mümkin. Köpler bu ädimden howatyrlanýandygyny aýdýarlar we öz gorkularyny Orsýete dolanmaly bolanda, Orsýetde býurokratik kynçylyklara uçrajakdyklary bilen düşündirýärler.

“Eger men saýlamaly bolsam, Orsýetdaki registrasiýamdan el çekmekçi däl” diýip, Çikagoda ýaşaýan asly moskwaly telekeçi Kseniýa aýdýar.

Başga ýurduň raýatlygyna eýe bolan orsýetlileriň bu barada hasabat bermekden ýüz öwürmegi üçin pul jerimesini ýa-da mejbury işledilmek jezasyny göz öňünde tutýan täze kanun daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetlileri meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin konsulhanalara ýüzlenmäge we bu meseläni sosial mediada we internet forumlarynda gozgamaga mejbur etdi.

Kanuna laýyklykda maglumat toplamaga borçly Orsýetiň Federal migrasion gullugy 5-nji awgustda güýje girýän täze kanuna henizem resmi düzgünnama çap edenok. Täze kanuna görä, orsýetlileriň daşary ýurt pasporty ýa-da ýaşamaga hukugy barada hasabat bermegi üçin 60 gün berilýär.

“Bu mesele tutuş dünýä boýunça adamlary aladalandyrýar, emma dowul döränok” diýip, Waşingtondaky we onuň töweregindäki ors dilli jemgyýetleri azyk bilen üpjün edýän “Ors Waşingtony” atly guramanyň müdiri Ýelena Staroselskaýa aýdýar.

Staroselskaýa täze kanun barada özüne Orsýetiň ençeme raýatlaryndan sorag gelýändigini AÝ/AR-a aýtdy.

Orsýetiň ilçihanasy täze kanunyň durmuşa geçirilmegine degişli detallary kommentirlemekden saklandy we Moskwadan “jikme-jik maglumata” garaşýandygyny aýdyp, ilçihananyň bu maglumatlary mümkin boldugyça tiz köpçülige ýetirjegini habar berdi.

“Bäşinji kolonna”

Goşa raýatlyk baradaky kanun Moskwanyň Krymy anneksiýa etmeginiň üstünde Günbatar bilen gapma-garşylygyň dowam edýän wagtynda peýda boldy. Kremliň tankytçylary muňa orsýet hökümetiniň goşa graždanlygy bolan adamlara basyş guraly hökmünde garaýarlar.

Kremliň tarapdarlary Orsýetiň içindäki “bäşinji kolonnanyň” Günbataryň bähbitleri üçin orsýet hökümetiniň abraýyny gaçyrmak maksadyna eýerýändigini ozal hem aýdyp gelýärdi. Kanunyň awtory Döwlet Dumasynyň deputaty Andreý Lugowoý geçen aýda eden çykyşynda şeýle howatyrlanmalary gös-göni kanunçylyk bilen baglanyşdyrdy.

“Ikinji raýatlygyň bolmagy orsýet raýatlygynyň we watana bolan duýgularyň ähmiýetini peseldýär” diýip, Lugowoý aýtdy. Lugowoý Orsýetiň öňki howpsuzlyk ofiseri Aleksandr Litwinenkonyň zäherlenip öldürilmegi bilen baglylykda Britaniýada gözlenilýär.

“Bu esasan-da soňky geosyýasy wakalar bilen baglylykda Orsýetiň Günbatar tarapyndan agressiw basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagty hasam möhüm” diýip, Lugowoý aýdýar

Orsýetiň we ABŞ-nyň raýaty bolan Kseniýanyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, ol özüniň amerikan pasportynyň üstüni açmaga zerurlygyň bolmajagyna umyt baglaýar, sebäbi bu kanunyň Orsýetde ýaşaýan goşa raýatlyga eýe bolan oppozision aktiwistleriň we biznes wekilleriniň garşysyna gönükdirilýändigini çak edýär.

Beýlekiler kanunyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda gitdigiçe alada galýandyklaryny aýdýarlar.

Salgyt meselesi

Orsýetiň kanun çykaryjylary 2010-nji ýylda daşary ýurtlarda 1.6 million orsýet raýatynyň hemişelik ýaşaýandygyny mälim etdiler. Olaryň ýarpysyndan gowragynyň Ýewropa Bileleşiginde, Ysraýylda we ABŞ-da ýaşaýandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentiniň maglumatyna görä, 83000-den gowrak orsýet raýaty 2003-2012-nji ýyllaryň aralygynda ABŞ-nyň raýatlygyny aldylar. Ýene-de 193000 orsýetli 2000-2012-nji ýyllar aralygynda “green kart”, ýagny kanun esasynda uzak möhletleýin ýaşamak üçin rugsatnama eýe boldy.

Şol bir wagtda-da daşary ýurtlarda ýaşaýan köp orsýetliler Orsýetde registrasiýadan çykjak hem bolmaýarlar. Orsýetiň içerki pasporty olaryň Orsýetdäki ähli hereketleri üçin zerur dokument bolup durýar. Daşyndan göräýmäge daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetliler ýurduň içindäkilerden tapawutlanmaýan ýaly. Emma bu ýerde salgyt bilen bagly agyr netijeleriň hem ýüze çykmagy mümkin.

12 aýlyk döwürden hasap alnanda, 183 günden uzak wagtlap ýurduň daşynda ýaşaýan her bir raýat ýurduň içindäki girdejilerinden 30 prosent salgyt tölemäge borçly. Ýurduň içinde hemişelik esasda ýaşaýan raýatlar bolsa 13% salgyt töleýärler.

Şu sebäpden goşa raýatlyk baradaky täze kanunyň daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetliler üçin emläk bilen bagly hereketlerde maliýe taýdan kynçylyk hem döretmegi mümkin diýip, Nýu Ýorkda ýaşaýan orsýetli Anýa Lewitow belleýär.

Garaşylýan oýun

Kanun bilen bagly ýiti meseleleriň ýene ençemesi kesgitsiz bolup galýar, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýet raýatlary özleriniň eýe bolan ikinji pasporty ýa-da başga ýurtlarda ýaşamak hukugy barada maglumat bermek üçin Orsýetiň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna barmalymy ýa-da olar Orsýete baryp hasabat bermelimi diýen sowal hem jogapsyz galýar.

Hökümet tarapyndan hiç hili düzgünnama bolmansoň, daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetlileriň ençemesi kanunyň nädip durmuşa geçiriljegine degişli mesele dogrusynda garaşmak bilen çäklenýärler.

“Meniň saýlap alan usulym - bu ugurdan hiç zat etmezlik bolaýmasa, hatda kanun güýje girende-de we, eger haýsy-da bolsa ýagdaýlar ýüze çykanda-da, men başgalaryň näme etjegine syn ederin” diýip, Bostonda ýokary tehnologiýalar ugrunda işleýän Kirill Pankratow aýdýar.

On ýyldan gowrak wagt mundan öň ABŞ-nyň “green kartyny” alan orsýetli meşhur bloger Pankratow daşary ýurtlarda ýaşaýan öz orsýetli tanyşlarynyň täze kanun barada pikir alyşýandygyny, emma gyssaga düşmeýändiklerini aýtdy.

Çikagoda ýaşaýan telekeçi Kseniýa özüniň köp dostlarynyň hem kanun barada pikir alyşýandyklaryny aýdýar, emma olaryň kanunyň syýasy netijeleriniň Orsýetiň serhetleri bilen çäklenjegini umyt edýändiklerini belleýär.

Ksenia, eger daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetliler öz ýurdundaky registrasiýasyny saklamak islän ýagdaýynda Orsýete baryp öz goşa raýatlygy ýa-da ikinji pasporty barada hasabat bermäge mejbur edilseler, onda özüniň bu kanundan nägile boljagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG