Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri kürtleriň lideri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň Kürdistan regionynyň Irbil şäherine bardy. Kerriniň 24-nji iýunda eden bu sapary Yrakda harby we syýasy krizisi gowşatmak ugrundaky tagallalaryň çäginde amala aşyrylýar.

Reuters agentliginiň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisine salgylanyp aýtmagyna görä, Kerri regionyň prezidenti Masud Barzani bilen duşuşmakçy we kürt liderlerini sünni toparlarynyň gahar-gazabyny gowşatmak üçin şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetde reforma geçirmekde “örän aktiw rol” oýnamaga ündemekçi.

23-nji iýunda Kerri Bagdatda Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen gepleşikleri geçirdi. Kerri Bagdatda eden çykyşynda Yraga amerikan goldawynyň “güýçli we yzygiderli” boljagyny mälim etdi, şol bir wagtda-da syýasy bütewilige çagyrdy. Kerri Malikiniň täze hökümeti 1-nji iýula çenli döretmek borçnamasyny tassyklandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG