Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn Gündogar has çylyrymlaşýar


Yrak, YYDL söweşijisi Mosulda, 23-nji iýun, 2014.

Yrak, YYDL söweşijisi Mosulda, 23-nji iýun, 2014.

Dokuz aý ozal dünýäniň ünsi, heläkçilikli himiki hüjüm sebäpli, Siriýa raketa zarbalarynyň urulmak ähtimallygyna gönügipdi. Emma indi, yslamçy jeňçileriň Yraga süýşmegi bilen, dünýä we sebit güýçleri täze howp-hatarlara garşy çäre görmegiň ýollaryny ölçerip-dökýärler.

Biz özümiziň "Ýakyn Gündogar gatnaşyklary: Bu çylşyrymly" atly interaktiw matriksimizi 2013-nji ýylyň sentýabrynda çap etdik.

Başar al-Assadyň režiminiň Siriýadaky himiýa hüjüminde günäkärlenenine dokuz aýa golaý wagt boldy, şonda 1400 adam heläk bolupdy we bu ýagdaý Birleşen Ştatlaryň hökümete garşy aram söweşijileri goldamak üçin howa zarbalaryny urmagy baradaky çagyryşlara getiripdi.

Şondan iki aý soň bolsa, general Abdel Fattah al-Sisi Müsüriň prezidenti Muhammad Morsini we onuň «Musulman doganlygyny» agdaryp taşlapdy. Bu ýagdaý käbirlerinde gahar-gazap döretse (Türkiýä seret), beýlekilerinde (Saud Arabystanyna seret) ýeňillik döredipdi.

Dokuz aý soňra bolsa Sisi, köpler tarapyndan ýaňsylanan saýlawlarda 97 prosent ses alyp, prezident boldy, Assad bolsa, golaý geljekde öz wezipe pozisiýasyny has berkiden ýaly göründi. Birleşen Ştatlar howa zarbasynyň urulmagyny talap etdi, emma muňa derek, ilki Moskwa tarapynyň eden teklibi boýunça, Damasky öz himiki ýarag arsenallaryndan dyndyrmak baradaky halkara plana razy boldy.

«Al-Kaýdanyň» Yrakdaky şahamçasy hökmünde işe başlan Yragyň yslam döwleti we Lewant (YYDL) şu arada Siriýada öňbaşçy ekstremist topara öwrülip, Yrakda hem gerimini ýaýratdy. Bu topar Yragyň demirgazygynda we günbatarynda giň territoriýany, şol sanda ýurduň ikinji uly şäheri bolan Mosuly ele geçirdi.

YYDL ýolbaşçylary häzirki Yrak bilen Siriýanyň ýerlerinde bir Yslam halyfatyny döretmegi umyt edýändiklerini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bu topary hatda «Al-Kaýdadan» hem öte ekstremist diýip atlandyrdy we onuň sebitde has berk ornaşmagynyň ileri tutulýan meseleleriň ornunyň çalyşmagyna sebäp boljagyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama biraz öň amerikan goşunlarynyň 2011-nji ýylda Yrakdan çykarylmagyny öz adminstrasiýasynyň esasy gazanan üstünlikleriniň biri hasaplapdy. Şeýle-de, Assadyň wezipeden çekilmegine çagyran hem bolsa, ol himiki ýaraglar baradaky ylalaşyga Birleşen Ştatlaryň bu sebitdäki harby hereketden çeke durmagynyň bir ýoly hökmünde garapdy.

Ol indi Yraga 300 sany geňeşçi iberip, özüniň YYDL jeňçilerine garşy nyşanalaýyn howa zarbalaryny urmak meselesi barada oýlanjagyny aýtdy. Bu bir çatak öwrülişik boldy. Assad bilen Waşington indi täze tapylan umumy duşman bolup görünýär.

Wagtal-wagtal bolsa, serhetlerine hem Siriýa, hem Yrak serhetlerinden durnuksyzlyk bolup aralaşmak bilen, Assad Türkiýe üçin hem bir ünji-alada bolup görünýär. Siriýada 2011-nji ýylda raýat urşy başlanaly bäri, pitneçi söweşijilere goşulýan jeňçiler ýurduň Türkiýe bilen araçäkleriniň arasyndan azat-erkin geçmek mümkinçiligine eýe boldular. Emma Türkiýe indi ol kontrolluklary berkidýär we iýun aýynda «Al-Kaýda» bilen ilteşikli Al-Nusra frontuny terror guramasy diýip atlandyrdy. Beýleki günbatar döwletleri muny has öň edipdiler.

Yragyň şaýylaryň agalagyndaky hökümetinde täsir gazanmak üçin ummasyz serişde harçlan Eýran hem alada galana meňzeýär.

Emma bu aladalar Eýranyň Birleşen Ştatlar, ýokary ruhany lider Ali Hameneýi tarapyndan «Uly şeýtan» atlandyrylýan ýurt bilen bile işleşmegine ýeterlik derejede ullakanmy? Onsoň Waşington, Tähranyň islegine garşy gidip, Bagdada has açyk hökümet gurmak barada basyş edýän bir wagtynda, gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, Eýran bilen işleşmek islärmi?

Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky iň ýakyn ýarany Ysraýyl Eýran bilen hiç bir hyzmatdaşlyk etmeli däldigi, şol sanda jemleýji ýadro ylalaşygyny hem baglaşmaly däldigi barada duýduryş berdi.

Eýranyň regional bäsdeşi bolan Saud Arabystany bolsa, eýýäm Birleşen Ştatlardan, uzak wagtlyk ýaranyndan garaşan ygraralylygyny görmändigi üçin gazaba mündi. YYDL-y göni maliýeleşdirmedik hem bolsa, Riýadyň Siriýadaky beýleki pitneçi toparlara beren harby we maliýe goldawynyň başga yslamçy jeňçi toparlara, şol sanda Al-Nusra we YYDL-a hem baryp ýetendigi güman edilýär.

Dokuz aý mundan öň Ýakyn Gündogar gatnaşyklary çylşyrymly bolupdy. Indi bolsa ol, megerem, öňkülerine garanda hem çylşyrymlaşan ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG