Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň gazy: Nyrh nämeden?


Orsýetiň gazynyň bahasy ýewropaly hyrydarlaryň hemmesi üçin gyradeň däl.

Orsýetiň gazynyň bahasy ýewropaly hyrydarlaryň hemmesi üçin gyradeň däl.

Orsýetiň gazynyň söwdasyna degişli maglumatlaryň barlanmagy gazyň nyrhynyň dürli ýurtlar üçin tapawutlanýandygyny görkezýär.

Orsýetiň gazynyň bahasy ýewropaly hyrydarlaryň hemmesi üçin gyradeň däl.

Elýeterli maglumatlara edilen syn satyn alýan gazy üçin Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki gaz ägirdi “Gazproma” töleýän nyrhlarynyň Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ykdysady taýdan has gowşak ýurtlarynyňkydan has azdygyny görkezýär.

Näme sebäpden Polşa we Çehiýa Respublikalary gazyň her müň kubometri üçin 500 dollar töleýär, Germaniýa bolsa 400?

“Gazprom” bu ýurtlaryň alternatiw mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan baha kesýär” diýip, Oksfordyň Energiýa barlaglary institutynyň Orsýetiň nebit-gaz senagaty boýunça bilermeni Jeýms Henderson aýdýar. “Ol, dogrusy, özüni başgalary kemsidýan monopolist hökmünde alyp barýar. Ol nyrh kesende, ýurduň bazarynyň uly bölegine özüniň eýedigine, ýagny ýurduň başga mümkinçilikleriniň çäklidigine göz ýetik bolup hereket edýär” diýip, Henderson belleýär.

Şeýle aýratynlyklar bar:

Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň käbirleri Orsýetiň gazy üçin nyrhy iň ýokary bahadan töleýärler.

Ýewropanyň iň garyp bäş ýurdundan diňe Moldowa Orsýetiň gazyny ortaça nyrhdan hem has arzan satyn alýar.

Iň ýokary bahadan gazy, ýagny 564 dollardan Makedoniýa satyn alýar. Halkara walýuta fondunyň sanlaryna görä, bu ýurt Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň arasynda bäşinji ýerde durýar.

Ilatyň ortaça aýlyklary Germaniýadakydan bäş esse az bolan Bosniýa-Gertsegowina gazyň her müň kubometri üçin 515 dollar töleýär.

Ýewropanyň iň baý ýurtlarynyň käbirleri Orsýetiň gazyny has arzan bahadan satyn alýarlar we Orsýet babatynda, öz bähbidini arap, aşa geçirimlilik görkezmekde aýyplanýarlar.

Mart aýynda Orsýet Ukrainanyň bir bölegi bolan Krym ýarymadasyny basyp aldy. Gündogar Ukrainada başlanan uruşlaryň dowamynda Orsýet separatist pitneçileri goldamakda aýyplanýar. Hut şu sebäpli-de ABŞ we ÝB Moskwa garşy belli bir sanskiýalary girizidiler.

Emma Orsýetden gazy 400 dollardan hem az bahadan satyn alýan Germaniýa, Awstriýa we Fransiýa Orsýete garşy has berk çäreleriň kabul edilmegine päsgelçilik döretmekde aýyplanýarlar.

Germaniýa indiki sanksiýalaryň öňüniň alynmagyny talap eden öz senagatçylarynyň basyşlaryna sezewar boldy. Germaniýa ”Gazpromyň” iň uly hyrydarydyr. 2013-nji ýylda Germaniýa Orsýetden 40 milliard kubometr gaz satyn aldy. Fransiýa Orsýete öz öndüren harby gämilerini satmak boýunça köp milliardlyk şertnamany ýatyrmakdan boýun gaçyrdy. Orsýetiň gazynyň her müň kubometrini 397 dollardan satyn alýan Awstriýa iýun aýynda şertnama gol çekip, Orsýetiň Ukrainanyň daşyndan aýlanyp geçýän gazgeçirijisiniň Awstriýa degişli bölegini gurmak borjuny öz üstüne aldy.

Emma Wenan bilen Moskwanyň arasyndaky şertnama gol çekilmegine bir hepde galanda Ýewropa Bileleşigi Bolgariýanyň Orsýet bilen aradaky ylalaşygyny ýatyrmagyny gazandy. Ýatyrylan şertnama-da “Günorta akym” proýektine degişlidi. Bolgariýa Orsýetden satyn alýan gazynyň her müň kubometri üçin Awstriýadan 100 dollar çemesi ýokary bahadan pul töleýär.

Kreml arzan gaz bilen käbir ýurtlary Gümrük Bileleşigine çekmek hem isleýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmek kararyna gelende, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz ýolbaşçylygyndaky we Belarusyň hem Gazagystanyň gatnaşmagyndaky Gümrük Bileleşigine Kiýewi hem çekmäge synanyşdy.

Şonda Putin Ukrainanyň Orsýete bergisiniň 15 milliard dollaryny bagyşlamagy we gazyň bahasyny çürt-kesik kemeltmegi wada berdi. Gümrük Bileleşigine goşulmak üçin esasy faktor diňe gaz bolan bolsady, Belarusa satylýan gazyň bahasyna göz aýlamak Ukrainanyň agzalýan gümrük bileleşigine girmegi üçin ýeterlik bolardy. Belarus ors gazyny beýleki ähli ýurtlardan has arzan bahadan satyn alýar we gazyň her müň kubometrine 166 dollar töleýär. Gümrük Bileleşigine goşulmak kararyny yglan eden Ermenistan gazyň her müň kubometrini Belarusa garanda sähel gymmadrak bolsa-da, 189 dollardan satyn alýar. Bu ýurtlaryň ikisi-de ulanýan gazynyň ählisini Orsýetden satyn alýarlar.

Sowet Soýuzynyň beýleki öňki respublikalary ulanýan gazynyň esasy bölegini Orsýetden satyn alýarlar we gaz üçin has gymmat bahadan pul töleýärler.

Orsýetiň gazyna bagly ýurtlaryň käbiri, gaz satyn alýandygyna garamazdan, Moskwany berk tankytlamakdan çekinmeýärler. Ukrainada dowam edýän krizisde Kiýewe berk goldaw bildiren Baltika döwletleriniň üçüsi-de, ýagny Latwiýa, Litwa we Estoniýa öz ýakýan tebigy gazynyň hemmesini, 100% Orsýetden satyn alýarlar. Ukraina gazynyň 72%-ni Orsýetden satyn alýar. Bu ýurtlaryň hiç biri gazyň müň kubometri üçin 416 dollardan az tölänokler.

Emma, eger-de Orsýetiň ol ýa beýleki ýurdy öz Gümrük Bileleşigine goşmak hyýaly ýok bolsa, onda gaz söwdasynda syýasy simpatiýalar hiç hili rol oýnamaýar.

Belarusy hasaba almasaň, onda Serbiýa Ýewropada Orsýetiň iň ýakyn ýarany. Emma Serbiýa orsýet gazynyň her müň kubometrine 457 dollardan pul töleýär. Bu bolsa tutuş Ýewropa boýunça Orsýetiň gazy üçin tölenýän iň ýokary bahalaryň biridir.

Öňki premýer-ministr Silwio Berluskoniniň häkimiýet başynda bolan döwründe Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýan Italiýa orsýet gazynyň her müň kubometrini 440 dollardan satyn alýar.

“Bu mydama diýen ýaly ykdysadyýet tarapyndana kesgitlenýär. Ylalaşygyň baglaşylmagynyň syýasy tarapy-da bar we käwagt ykdysady gepleşikleriň geçiriljek wagty syýasata bagly bolýar. Emma meniň synlamagyma görä, dürli ýurtlar üçin satýan gazynyň nyrhyny kesgitlände, Orsýet her halda öz umumy döwlet bähbitlerinden ugur alýar” diýip, Jeýms Henderson belleýär.

XS
SM
MD
LG