Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Kabulyň aeroportuna raketa uçurdy


Owganystanyň paýtagty Kabulyň halkara aeroportunyň harby bölümine azyndan iki raketa hüjümi amala aşyryldy.

3-nji iýulda amala aşyrylan bu hüjümde adam ýitgisi bolmandyr, emma ammarda ýangyn döräpdir.

Kabulyň halkara aeroportunyň harby bölümi NATO-nyň uly bazasyny, şol sanda raýatlaryň Dubaý, Nýu-Deli we Stambul ýaly şäherlere uçuşlary amala aşyrmagy üçin niýetlenen aýrylykdaky terminaly öz içine alýar.

Wakada birnäçe uçara zeper ýetendigini aýdyp, “Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu raketa hüjümi Kabulda “Talybanyň” janyndan geçen bombaçysynyň eden hüjümi netijesinde sekiz harby ofiseriň öldürilmeginden bir gün soň boldy.

XS
SM
MD
LG