Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala bosgunlar üçin kömek sorady


“Talybanyň” söweşijileri tarapyndan janyna kast etmek synanyşygyna sezewar edilen pakistanly ýaş gyz Malala Ýousafzai dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenip, Pakistanyň Demirgazyk Waziristan regionynda dowam edýän uruşlar zerarly öz öýlerini terk eden onlarça müň adama ýardam bermäge çagyrdy.

Pakistanyň harbylary Pakistanyň we Owganystanyň “Talyban” hereketleri ýaly toparlaryň galasy diýilip hasaplanýan regiony söweşijilerden boşatmak boýunça harby operasiýalary amala aşyrýarlar.

Malala 2012-nji ýylda mekdebe barýarka “Talybanyň” hüjümine sezewar edilende 15 ýaşyndady. Ol Pakistanyň Swat jülgesinde gyzlaryň bilim almak zerurlyklary barada blog ýazmagy sebäpli hüjüme sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG