Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internet dükanlary we ýaşlar


Kompýuteriň syçanjygy we sowgat gutusy.
Kompýuteriň syçanjygy we sowgat gutusy.

Internet – bütin dünýäde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda hem giňden peýdalanylyp başlanyldy. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurtda internediň hiliniň belli bir derejede pesdigi aýdylsa-da, ýaşlaryň internet arkaly sosial ulgamlardan işjeň peýdalanýandygy, hatda dürli-dürli saýtlary, şol sanda internet arkaly söwda edilýän internet dükanlaryny hem döredýändikleri bellenilýär.

Internetdäki bu türkmen dükanlarynyň käbirlerinde azyk harytlary satylýan bolsa, käbirlerinde geýim-gejim, elektron enjamlar, kosmetika serişdeleri ýaly harytlar satylýar.

Eýsem, şeýle saýtlaryň sanynyň köpelmegi Türkmenistanda ilatyň internet dükanlaryna bolan talabynyň artandygyny aňladýarmy? Siz türkmen internet dükanlaryndan söwda edip gördüňizmi? Şeýle-de, türkmen ýaşlary internet dükanlaryndan söwda etmek medeniýetine nähili garaýarlar? Onuň nähili oňaýly we oňaýsyz taraplary bar?

Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek üçin biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG