Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Aragatnaşygyň eýeleri Alyýewiň gyzlary


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gyzlary Arzuw we Leýla Alyýewa.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gyzlary Arzuw we Leýla Alyýewa.

Hatyja Ysmaýylowanyň Guramaçylykly jenaýatlar we Korrupsiýa boýunça hasabat proýektiniň işgärleri bilen taýýarlan raportynda prezident Ylham Alyýewiň iki gyzynyňam Azerbaýjanyň iň iri aragatnaşyk kärhanasy “Azercell” bilen baglanyşygynyň bardygy belli edildi diýilýär.

Azerbajýanda daşary ýurt firmalaryny hasaba almak we eýeçilik tertibiniň düzgünleşdirilmegi meseleleri boýunça geçirilen barlaglaryň netijesinden çen tutsaň, onda prezident Ylham Alyýewiň iki gyzynyň hem ýurduň iň iri aragatnaşyk kärhanasy bolan “Azercell” bilen ilteşigi bar.

Hasabatda görkezilýän statistiki maglumatlara görä, prezidentiň gyzlary ýurtda hereket edýän iň iri üç sany aragatnaşyk kärhanasynyň ikisi bilen dürli eýeçilik gatnaşyklary derejesinde ilteşikli. Diýmek, häkimiýetler ýurduň mobil bazarynyň üçden iki bölegine doly gözegçilik edýär.

Ýagdaýyň şeýle bolmagy Azerbaýjanda internetiň içalyçylyk maksady bilen gözegçilikde saklanmagy we aragatnaşyk howpsuzlygy meseleleri boýunça çynlakaý soraglary döredýär. Bu ýagdaý ýurtda aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhlarynyň näme sebäpden ýokarydygyna esasly jogap tapmaga-da ýardam berýär.

Galyberse-de, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen Guramaçylykly jenaýatlar we Korrupsiýa boýunça hasabat proýektiniň (GJKHP) taýýarlamagynda çap edilen hasabatda, şwedleriň aragatnaşyk kompaniýasy “TeliaSoneranyň” ýewraziýaly syýasatçylar bilen adatdan daşary ysnyşykly gatnaşyklary edendigi hem agzalyp geçilýär.

Soňky 18 aý “TeliaSonera” üçin agyr geçdi.

TeliaSoneranyň Özbegistanda 3G aragatnaşyk ulgamyna rugsatnamasyny almak üçin bu ýurduň prezidentiniň maşgala dostuna 320 million amerikan dollary möçberinde para berendigini we berlen puluň derňelýändigini 2012-nji ýylyň aýagynda Şwed TW kanaly we GJKHP habar berdi.

Azerbaýjanda bolsa ýurduň Baş maşgalasy bilen mobil kompaniýalarynyň arasyndaky äbe-jüýje gatnaşyklar ýurtdaky iri aragatnaşyk kärhanalarynyň öz aralarynda hakyky bäsdeşligiň ýola goýulmagyna böwet bolýar.

“Azercelliň” ýurtda hasaba alynmagyna degişli bolan maglumatlaryň bir ujunyň Alyýewiň gyzlaryna baryp direlmegi meseleleri has aýdyňlaşdyryp biler. ”Azercelliň” girdejileriniň 40 göterimine ”TeliaSonera” eýeçilik edýär.

Özbegistandaky soňky ýagdaýlardan soň “TeliaSonera” özüniň iş dolandyryjy toparyny üýtgetdi we etiki ülňüleri ýerine ýetirmekde hem-de söwda tejribelerini kämilleşdirmekde düýpli üýtgeşiklikleri amala aşyrjakdygyny aýtdy. Ýöne kompaniýanyň resmileri özleriniň Azerbaýjandaky meseleleri çözmekde alyp barýan işleri barasynda dil ýarmakdan boýun gaçyrýarlar.

Bu günki gün Azerbaýjanyň aragatnaşyk pudagy “Azercell”, “Bakcell” we “Azerfon” atly kompaniýalara galdy diýsegem bolar. “Azerfonyň” Alyýewiň gyzlaryna degişlidigi barada gürrüňler edilýär. Şol bir wagtyň özünde täze ýüze çykan dokumentlerde Alyýewiň gyzlarynyň “Azercell” bilen hem aragatnaşyk saklaýandyklary göze ilýär.

“Azerbaýjan” hökümeti we “Azertel” 1996-njy ýylda “Azercelliň” düýbüni tutdy. “Azertel” şol wagtlar Türkiýäniň “Turkcell” kompaniýasynyň filialydy.

Şondan bäri “TeliaSonera” “Fintur Holdingiň” üsti bilen “Azercelliň” aksiýalaryny satyn alyp gelýär. Agzalýan şwed kompaniýasy “Turkcelliň” hem aksiýalaryna şäriklik edýär.

Ýurduň ikinji iň uly aragatnaşyk kärhanasy “Bakcelldir”. Bu kompaniýa hem hökümet bilen “GTIB 1996 LTD” kompaniýasynyň şärikliginde 1994-nji ýylda guruldy we Britaniýanyň Wirjin adalarynda hasaba alyndy. “Bakcelliň” hakyky eýesiniň anyk kimdigi barada takyk maglumat ýok.

“Azerfon” Azerbaýjanyň üçünji iň uly aragatnaşyk kärhanasydyr. Ozal hem habar berlişi ýaly bu kompaniýanyň aksiýalarynyň 72 göterimi prezidentiň gyzlary Leýla bilen Arzuw Alyýewa degişli.

Gürrüňi edilýän kompaniýalaryň özara baglanyşygyna has ýakyndan göz ýetirmek üçin şweýsariýaly Oliwer Mestelanyň kagyzlaryny yzarlamaly. Ol Alyýewiň gyzlarynyň eýeçiligindäki kompaniýalarda sekretar bolup yzygiderli hyzmat edip gelýär. ”Telekomuň” resmi kagyzlarynda Mestelanyň adyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar.

Mysal üçin, “Azercell” “Azartele” degişli. “Azerteliň” binýadyndaky “Jenaý Iletişim” firmasy “TeliaSoneranyň” partnýory. “Jenaý Iletişime” “Mestelan” wekilçilik edýär. “Mestelanyň” adyna “Azerfonyň” resmi kagyzlarynda hem duşmak bolýar.

Diýmek, Azerbaýjan hökümeti ýurduň aragatnaşyk kärhanalaryna we mobil Internete gözegçilik edýär. Üstesine-de, hökümet halkyň telefon gepleşiklerine we internet aragatnaşygyna, ony ulanyşyna gözegçilik edýär.

Media gözegçilik toparlary aragatnaşyk kärhanalarynyň aňyrsyndaky syrly eýeçilik gatnaşyklary ýurtda internet azatlygy we haýsy häkimiýetleriň kimleriň telefon gepleşiklerini diňleýändigi baradaky çynlakaý soraglary döredýär diýýärler.

Bakuwda ýerleşýän Media hukugy boýunça institutyň müdiri Raşid Hajyly Azerbaýjanda internetiň örän ýiti gözegçilikde saklanýandygyny aýdýar. Azerbaýjan hökümetiniň websaýtlary petiklemek boýunça işleri ozal hem ýiti tankyda uçrapdy.

Hajyly Aragatnaşyk ministrligi ähli öýjükli aragatnaşyk kompaniýalaryndan ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen özlerinde bar bolan degişli maglumatlary paýlaşmagy we Milli howpsuzlyk edarasynyň bu ugurdan zerur enjamlar bilen üpjün edilmegini talap edýär diýýär.

Şeýle-de ol öýjükli aragatnaşyk kompaniýalaryň, žurnalistlere we bloggerlere gezek geleninde, güýç ulanyjy edaralar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, ýöne, muňa garamazdan, žurnalistleri goramak üçin media hukugyny goramak boýunça ýurtda hereket edýän guramalara gezek geleninde, hiç hili maglumatyň olara elýeterli edilmeýändigini aýdýar.

Goranmak boýunça hukukçy Elçin Sadigow Azerbaýjanyň öýjükli aragatnaşyk kompaniýalary kimdir biriniň telefon gepleşigini diňlemek üçin kazyýetden ygtyýarnama-da almaýar diýýär. Aslynda kompaniýalar adamlaryň telefon gepleşiklerini diňlemek üçin kazyýetden ygtyýarnama almaly. Sadigow: “Awaz Zeýnalynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly gürrüň etsek, ol barada kazyýetiň çykaran karary hasap edilmedi. Şeýle-de “Hural” gazetiniň işgärleri bikanun ýagdaýda yzarlandylar” diýýär.

Amnesty International guramasy Haşymlyny we Zeýnalyny “wyždan tussaglary” diýip yglan etdi.

Soňky ýüze çykan ýagdaýlar, hökümet aşa güýçlense, munuň soňunyň howply netijelere ýol açýandygyny görkezdi.

“Azatlyk” gazetiniň habarçysy Agyl Halyl Azerbaýjanyň öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy bolan ”Azarcelliň” üstünden Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça suduna şikaýat etdi we häzirki wagtda suduň çykarjak kararyna garaşýar.

XS
SM
MD
LG