Sepleriň elýeterliligi

Dört gazak terrorda aýyplandy


Gazak raýatlarynyň dördüsine terror aýyplamalary esasynda iş kesildi.

Şimkent şäheriniň Al-Farabi etrap sudy ýerli raýatlaryň üçüsini terror toparyna gatnaşmakda we ol toparyň işlerini maliýe taýdan goldamakda günäli tapdy.

Olar sekiz ýyldan dokuz ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi. Bu toparyň beýleki bir agzasy bikanun ýarag saklamakda günäli tapylyp, 5 ýyl tussaglyga höküm edildi.

Derňewçiler bu toparyň 2011-2013-nji ýyllar arasynda, Siriýada hökümete garşy uruşýan ýaragly toparlara goşulmak üçin adam toplaýan mahallary, ekstremizm we terror ideýalaryny wagyz edendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG