Sepleriň elýeterliligi

BMG: Gazada atyşygy bes etmeli


BMG-niň ynsanperwerçilik başlygy Gazadaky zorlugy bes etmek üçin atyşygy kesmegiň örän möhümdigini, sebäbi ýagdaýyň agyrlaşýandygyny aýtdy.

Waleriý Amos 24-nji iýulda iň ileri tutulýan mesele atyşygyň arasynda galan asuda ilaty goramakdan ybarat diýdi. Ol muny örän elhenç ýagdaý diýip atlandyrdy. Amos BMG-niň Tokioda gurnan konferensiýasynda çykyp gürledi.

Hamazyň lideri Halid Meşal 23-nji iýulda atyşygy kesmegi ret etdi. Ol 16 gün bäri dowam edýän ganly söweşi soňlamazdan öň Ysraýylyň Gaza zolagyndaky sekiz ýyllyk gabawyny aýyrmaly diýdi.

Ysraýyl iýulyň başynda Gaza howa zarbalaryny urmaga başlaly bäri 680-den gowrak palestinaly, 34 ysraýylly wepat boldy.

XS
SM
MD
LG