Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Kiýewiň beýanatyny ret edýär


Orsýetiň Goranmak ministrligi Kiýewiň Ukrainynyň iki harby uçarynyň Orsýetden atylan raketalar bilen ýykylan bolmagynyň ahmaldygy baradaky beýanatyny ret etdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşi 23-nji iýulda Donetsk regionynda Ukrainanyň iki sany «SU-25» uçarynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Kiýewiň beýanatynda bu uçarlaryň Orsýetiň territoriýasyndan atylan raketalar bilen ýykylandygy aýdyldy.

"Interfaks" habar gullugy Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ady aýdylmaýan resmisine salgylanyp, onuň Kiýew häkimiýetlerini jemgyýetçiligiň pikirini bulaşdyrmak we Malaýziýanyň ýykylan uçaryndan ünsi sowmak synanyşygynda aýyplandygyny ýazdy.

XS
SM
MD
LG