Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Söweşijiler 14 adamy öldürdi


Owgan resmileri ýurduň günbatarynda “Talyban” hereketiniň söweşijileri diýlip güman edilýänler tarapyndan 14 adamyň öldürendigini habar berýärler.

Resmileriň sözlerine görä, 25-nji iýulda ýaragly adamlar ýurduň günbataryndaky Gor welaýatyndan Kabula sapar edýän iki miniawtobusy saklap, ondaky ýolagçylary ýoluň gyrasynda atyp öldüripdirler. Resmiler pida bolanlaryň ählisiniň hazary şaýylarydygyny aýdýarlar.

Ölenleriň arasynda üç zenan we bir çaga hem bardy.

Henize çenli bu wakanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma mundan öň şeýle wakalary amala aşyrmakda “Talyban” hereketi ýygy-ýygydan aýyplanýardy.

2014-nji ýylyň ahyryna çenli halkara goşuny Owganystany terk etmäge taýýarlyk görýän mahaly, ýurtda parahat ilatdan heläk bolýanlaryň sany ýiti artdy.

XS
SM
MD
LG