Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýa ok atyşygy durdurmaga çalyşýar


Malaýziýanyň resmileri Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli uçaryň töwereginde Kiýew güýçleri bilen Russiýa tarapdary separatistleriň arasyndaky ok atyşlygyň bes edilmegi üçin Malaýziýanyň hökümetiniň gepleşikleri geçirýändigini habar berýärler. Şeýlelikde, olar derňewçileriň “Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw reýsini ýerine ýetirýän uçaryň urlup ýykylan ýerine geçip biljekdigini belleýärler.

17-nji iýulda aşak gaçyrylan uçaryň Malaýziýa boýunça derňewçileriň başlygy Hairil Hilmi Mohtar 28-nji iýulda Niderlandlardan “Bernama” habar gullugyna beren maglumatynda ok atyşlygy durdurmak baradaky kararyň uçar heläkçiliginiň bolan ýerindäki 35 kilometr aralygy öz içine aljakdygyny aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow MH17 gatnaw reýsini ýerine ýetirýän uçaryň derňewleriniň “ýuridiki prezumpsiýa” hormat goýmagyň esasynda amala aşyrylar diýip umyt edýärin diýdi. “Ýuridiki prezumpsiýa” - kanunda göz öňünde tutulýan prinsip bolup, oňa laýyklykda jenaýatda aýyplanýan raýat özüniň günäsizdigini subut etmäge borçly däldir. Muňa laýyklykda raýatyň günälidigini subut etmek prokurorlaryň işi hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG