Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Orsýete ilçisi tassyklandy


ABŞ-nyň senaty ses berişlik arkaly Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi wezipesine Jon Tefftyň (John Tefft) bellenmegini tassyklady.

Jon Tefft 2014-nji ýylyň fewral aýynda Orsýeti terk eden Maýkl Makfoly (Michael McFaul) ilçi wezipesinde çalyşar.

ABŞ-nyň daşary gatnaşyklar boýunça baýry işgäri Tefft Sowuk uruşy döwründe Döwlet departamentiniň Sowet Soýuzy boýunça bölüminde işlän tejribeli diplomat hökmünde tanalýar.

Orsýetiň mediasy Teffty öňki sowet respublikalarynda dartgynlylygy tutaşdyrmak ugrunda iş bitiren amerikan diplomaty hökmünde tankyt etdi. Tefft soňky 10 ýylyň dowamynda “reňkli rewolýusiýalary” başdan geçiren Gürjüstanda we Ukrainada ABŞ-nyň ilçisi bolupdy.

XS
SM
MD
LG