Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Demirgazykda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşýar


Owgan güýçleri serhet araçägine gözegçilik edýärler.
Owgan güýçleri serhet araçägine gözegçilik edýärler.

Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda, türkmen-owgan serhediniň töwereklerinde howpsuzlyk şertleri gün saýyn ýaramazlaşýar. Bu ýerde talyp jeňçileri barha güýçlenýär. Bu ýagdaýy owgan resmileri-de boýun alýarlar.

Jowuzjan welaýatynyň polisiýa edarsynyň başlygy Pakyrmuhammet Jowuzjany Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde welaýatda talyp jeňçileriniň köpelendigini tassyklady. Ol welaýatyň Akja we Mürdiýan etraplarynyň 45 çemesi obasynda talyplara garşy harby operasiýanyň geçirilendigini mälim etdi.

Demirgazyk Owganystanyň Farýap we Jowuzjan welaýaty Türkmenistan bilen serhetleşýär. Emma welaýat polisiýasynyň başlygy, muňa garamazdan, talyp jeňçileriniň Jowuzjan welaýatynyň deňinden geçip, Türkmenistana howp salyp bilmejekdiklerini aýtdy.

Pakyrmuhammet Jowuzjanyň pikiriçe, Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýerleşen Garkyn we Hamýap etrabynda talyban o diýen güýçli däl.

"Talyp güýçleri obalarda gije-gündiz motorly gezýärler. Ýöne olaryň Türkmenistana nähilidir bir wehim salyp biler öýdemok" diýip, ol bu meselede öz pikirini beýan edýär.

Emma...

Owganystanyň milli mejlisiniň agzasy, deputat Nazary Türkmen talyp jeňçileriniň Türkmenistana-da zyýan ýetirip biljekdigini aýdýar.

”Owganystanda, bu serhetlerde talyplaryň güçýçlenmesi Türkmenistan üçin ýagşy däl. Talyplar serhet tananok. Hemme ülke bir, 'Hudanyň mülki' diýip bilýärler. Nireden bir ýerini alyp bilýän bolsa, almagyň ugrunda. Şonuň üçin bu toparyň (talyp jeňçileriniň) mundan aňyrsy Türkmenistanyňky diýen düşünjesi ýok. Nire bolsa, baryberýär bular!” diýip, Nazary Türkmen ýagdaýy gürrüň berýär.

Türkmen jeňçileri

Onuň aýtmagyna görä, ýaragly talyplaryň arasynda türkmenlerem bar. Deputat Nazary Türkmen “Bu ýagdaýyň Türkmenistan üçinem ýaramaz täsiriniň bolmagy ahmal” diýip, howatyrlanma bildirýär.

Ol Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky serhetýaka welaýatlarda dartgynlylygyň artyp barşy barada ýene şeýle diýýär: ”Akjada, Şybyrganda, Anthoýda biziň türkmenlerimiz köp. O ýerlerdäki talyplaryň 90%-i türkmenler. Günbe-günden şol welaýatlaryň hemmesinde talyplar köpelip barýar. Türkmenistanyň serhedinde-de bular güýçlener.”

Demirgazyk Owganystanda ýagdaý dartgynlaşyp başlandan soňra käbir öňki meýdan komandirleri talyp jeňçilerine garşy göreşmek üçin ýene eline ýarag aldy. Türkmen deputaty "Talyban" jeňçilerine garşy göreşýän ”Erbeki” atly ýerli ýaragly toparyň ruhuny götermek üçin özüniňem söweşe gatnaşandygyny aýdýar: ”Demirgazyk welaýatlaryň hemmesinde "Talyban" güçýleri köpeldi. "Erbeki" güýçlerimiz bilen bilelikde meniň özüm hem söweş meýdanyna gitdim. Deputat sypatynda, bular bilen bile baryp, bularyň ýanynda durmagym olara bir güýç bildim. On bir talyp öldürildi, 17-si ýaraly boldy. Birinem diri tutup gaýtdyk şol gün. Meniň barmagym bulara bir güýç boldy”.

XS
SM
MD
LG