Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýetiň kömeginden ýüz öwürýär


Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekili Ukrainanyň gündogaryna Orsýet tarapyndan iberilen ynsanperwer kömeginiň ýurda goýberilmejegini aýtdy.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň metbugat-wekili Andriý Lysenko Halkara gyzyl haç guramasy tarapyndan tassyklanýança orsýet kömeginiň ýurda goýberilmejegini aýtdy.

Ukraina ynsanperwer kömegini bermek boýunça gelnen halkara ylalaşygyndan bir gün geçensoň 12-nji awgustda Orsýetiň 300 çemesi ýuk maşyny Ukraina ynsanperwer kömegini alyp bardy. Orsýetiň resmileri Ukraina iberilen 2 000 tonna möçberli ynsanperwer kömeginiň çagalar üçin azyk önümlerini we ýorgan-düşek ýaly zerurlyklary öz içine alýandygyny aýtdylar.

Halkara gyzyl haj guramasy Orsýetiň ýük maşynlaryna nämäniň ýüklenendigi barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Ukrainanyň we Günbataryň resmileri Orsýetiň ynsanperwer kömegini eltmek mümkinçiliginden Ukrainanyň gündogaryna öz goşunlary ibermek üçin peýdalanyp biljegine aladalanýarlar.

XS
SM
MD
LG