Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabag: Baku, Ýerewan Russiýa ynamsyz garaýar


Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri Daglyk-Garabag sebiti bilen baglanyşykly gepleşikleri geçirýärler.
Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleri Daglyk-Garabag sebiti bilen baglanyşykly gepleşikleri geçirýärler.

Günorta Kawkazdaky Daglyk-Garabag bilen baglanyşykly dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 10-njy awgustda Soçide Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen duşuşdy. Emma günorta Kawkaz ýurtlarynyň ikisi hem Moskwanyň bu ädiminiň aňyrsynda nähili niýetiniň bardygy ýa-da bolup biljekdigi babatynda seresaply hereket edýärler.

Bu çäre Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine özüni dünýä arenasynda araçy hökmünde görkezip, iki ýurduň arasynda araçynyň roluny oýnamaga mümkinçilik berdi.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ýakynda möwjän ýowuzlyklary geňeşmek üçin 10-njy awgustda Günorta Kawkazyň iki ýurdunyň liderlerini Soçidäki rezidensiýasyna çagyran mahaly Kremliň lideri özüni diplomatik ýeňşe taýynlady.

Çytyk ýüzli azeri we ermeni kärdeşleri bilen söhbetdeşlikde Putin: “Biz [meselä] çözgüt tapmak üçin sabyrlylygy, paýhaslylygy we birek-birege hormaty elden bermeli däldiris. Elbetde, ýagşy niýet bolsa, islendik çylşyrymly ýagdaý çözlüp bilner. Men şeýle gowy islegiň azeri we ermeni halkynyň arasynda bardygyna ynanýaryn” diýdi.

Ýöne iki ýurduň synçylary-da Russiýanyň regiondaky niýetlerine, maksatlaryna we Moskwanyň başarnyklaryna, hatda onuň hemişelik çözgüt tapmaga araçylyk etmek islegine-de şübheli garaýarlar.

Soçide Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (Serzh Sarkisian) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (Ilham Aliyev) tarapyndan dessine kabul edilen ýek-täk bilelikdäki karar, ol hem Russiýanyň agzalýan regionda araçy hökmünde çykyş etmezligi barada boldy.

"Ýowuzlykdan aňrybaş peýdalanamak"

Düýbi Ýerewanda ýerleşýän Milli we halkara bilimler boýunça ermeni merkeziniň synçysy Ruben Mehrabian: “Russiýa [regionda möwjän] ýowuzlyklardan aňrybaş peýdalanmak isledi we ol muny başardy. Russiýa özüniň Kawkaz tokaýlarynda hojaýyn bolup galan aýydygyny görkezdi” diýdi.

Putin Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag sebitindäki çaknyşyklary togtatmak maksady bilen ermeni we azeri kärdeşlerini Soçä çagyrdy. Gürrüňi gidýän sebitde 1994-nji ýylda Russiýanyň araçylyk etmegi netijesinde ok atyşlyk bes edilipdi. Şondan soň ýaşaýjylarynyň aglabasy etniki ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag öz-özüni garaşsyz diýip yglan etdi.

Daglyk-Garabag syýasy, harby we ykdysady taýdan Ermenistan tarapyndan goldanylýar we Baku bu ýagdaýa öz territoriýasynyň okkupirlenmegi, ýagny basylyp alynmagy diýip baha berýär.

1-3-nji awgustda iki ýurduň arasyndaky serhetde we Garabagyň töweregindäki “Kontrol liniýasy” diýlip atlandyrylýan territoriýada çaknyşyklar boldy. Şol çaknyşyklaryň netijesinde azyndan 15 esger öldürildi.

"Russiýa kömek edip bilmez"

Bakuwda ýerleşýän syýasy synçy Ýegane Hajyýewa (Yegane Hajiyeva) özüniň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren maglumatynda Russiýa Garabag bilen baglanyşykly 20 ýyl bäri dowam edýän köne konflikti çözmäge kömek edip bilmez diýýär.

Ol: “Russiýa regiondaky öz ýaranyny saýlady we onuň şol ýarany hem Azerbaýjan däl. Ol Ermenistan” diýdi.

Russiýa bu konfliktde iki tarapy hem ýarag bilen üpjün edýän esasy ýurtdur. Ýöne Ermenistan Russiýanyň liderligindäki “Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy” guramasyna agza bolup, ol Moskwanyň “Gümrük bileleşigine” goşulmagy meýilleşdirýär.

Öz-özüni respublika diýip yglan eden Daglyk-Garabag sebitindäki synçylar hem Moskwanyň region barada alyp barýan hereketlerine şübheli garaýarlar. “Garabag garaşsyz” hereketiniň uzak wagtdan bäri agzasy we blogger Margarita Karaman: “Meniň pikirimçe, [ýowuzlygyň] möwjemeginiň näme bilen baglanyşyklydygy hemme kişä mälim. Bu ýerde uly oýunçylaryň gatnaşmagynda käbir geosyýasy proses bolup geçýär” diýip, Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy we soňra sözüni şeýle dowam etdirdi: “Belki bu dartgynlylygy başga güýçler döredendir, emma men Russiýa, bir tarapdan, Azerbaýjany özüne boýun etmek we, beýleki tarapdan, has güýçli ýaragly garşylygyň öňünde goýup, Ermenistana öz diýenini etdirmek hem-de ruslaryň araçylygyny sorap, Ermenistanyň ýalbarmagyny gazanmak üçin bu dartgynlylyga hut Moskwanyň meçew berýändigine ynanýaryn”.

"Hamana biziň ýaranymyz"

Düýbi Bakuwda ýerleşýän “Garabagyň azat edilmegi” atly guramanyň ýolbaşçysy Akif Nagi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň “Minsk toparynyň” agzalýan konflikti çözmek boýunça çäresine gatnaşanda, Ylham Alyýewiň Putine lapykeçlik bilen garandygyny aýdýar: “Biziň indi däp bolan duşmanymyz - Russiýanyň häzirki wagtda, hamana biziň ýaranymyz ýaly görünjek bolmagy diňe ýaňsy döredip biler. Şol sebäpden bu konflikti çözmek üçin “Minsk toparynyň” tagallalary we planlary Azerbaýjan üçin kabul ederlik däl”.

Baku we Ýerewan Ukrainadaky bolup geçýän wakalary hem-de Russiýanyň ol regionda oýnaýan roluny görüp, özlerindäki ýagdaýa uly alada bilen garaýarlar.

Bakuwda ýerleşýän synçy Hajyýewa “biz soňky iki ýylyň dowamynda Azerbaýjanyň territorial bütewüligini goldaýandygy barada Russiýanyň hiç bir beýanat bilen çykyş edenini eşitmedik” diýýär: “Şeýle-de, biz Russiýanyň Azerbaýjanyň Garabag sebitini basyp alan usuly bilen Ukrainanyň territoriýasyny okuppirleýändigini görýäris. Men sebitdäki konfliktiň çözülmegi boýunça Russiýanyň edýän tagallalarynyň hakykydygyna ynanmaýaryn”.

Russiýanyň Kremliň tarapyny çalýan "Nezawisimaya gazeta” atly neşiri 12-nji awgustda uzak wagt bäri dowam edýän Garabag problemasyny şeýle häsiýetlendirdi: “Bu meseläniň soňky netijeleri tükeniksiz dowam edip biler. Ýöne ol ölüm howply däl. Taryh ençeme onýyllyklaryň we hatda asyrlaryň dowamynda çözülmän galýan konfliktlerden doly. Garabag konflikti has ýaş – ol “heniz” diňe 20 ýaşynda”.

XS
SM
MD
LG