Sepleriň elýeterliligi

Ýaşululyk – diňe hormat däl


Ýaşulular maslahatyndan serpaý bilen gelýän ýaşulular.

Ýaşulular maslahatyndan serpaý bilen gelýän ýaşulular.

Jemgyýet şeýle gurlupdyr, onda çagadan başlap, ýaşy gaýdyşan garrylara çenli her nesliň öz orny bar.

Megerem, olaryň arasynda iň hormatlysy hem jogaplärlisi ýaşululyk bolsa gerek.

Ýaşuly hem garry

Köp halatda ýaşy gaýdyşmagy ýaşululyk hökmünde kabul edýärler. Ýöne ýaşululyk hem garrylyk azda-kände tapawutlanýar. Garrylyk ömrüň gaýdyşmagy bilen gelýän bolsa, ýaşululyk ynsana pähim-paýhasyndan, jemgyýetdäki ornundan gelip biler.

“Bizde ýaşuly ýok” diýen zeýrenji köp eşidýäris. Her sakgaly agaran ýaşuly bolup bilse, beýle zeýrenç döremezdi.

Onsoňam “Pylany ýaşululyga ýetişipdir” diýilýär. Garrylyk bolsa öz-özünden düşnükli.

Aslynda her nesil mynasyp sylagy özi gazanýar. Munuň üçin durmuşda olara şert hem mümkinçilik ýeterlik. Çaga mähiri, mylaýymlygy bilen, ýaşlar edep-sylagy hem hyzmaty, ýaşulular pähim-paýhasy bilen özüne hormat gazanýarlar. Ýaşululygyň wezipe bilen gazanylýan ýeri-de bar. Ýaşuly diýen söz ýolbaşçy manysynda gelip bilýär.

Ýöne bu wagtlaýyn bolup, wezipeden aýrylansoň, ýaşululyk derejesini ýitirmegi mümkin.

Öýdäki hudaý

Hakykatdan, ýaşy uly bolan, gepi-sözi ýerinde, öz erkli, belli maksadyň hem paýhasyň yzynda durmagy başarýan kişä kethuda diýilýär.

Bir öýüň ýa-da maşgalanyň kethudasy bolýar. Obanyň ýa-da tutuş uguryň kethudasy bolup bilýär. Onuň sözi ýörgünli, aýdany ýerde galmaýar. Iň esasy-da, onuň gelen karary beýlekiler üçin kanun saýylýar.

Sözlüklerde düşündirilişine görä, kethuda – öýdäki hudaý diýen manyny aňladýar. Munuň özi örän giň hem çuň manyly düşünje.

Bu diňe hudaýlyk häsiýeti, hudaýlyk sözi bilen çäklenmän, serdarlyk, ýolbaşçylyk düşünjelerini-de özünde jemleýär.

Dereje

Şol giň mümkinçilikden peýdalanmak üçin, ýurduň öňki prezidenti S. Nyýazow “Ýaşulular maslahaty” diýlen iň ýokary geňeş toparyny döretdi. Aslynda hiç bir zada jogap bermeýän bu toparyň agzalary mydama çalşyrylyp durýar. Bir adam ýaşulular maslahatyna gatnaşyp biler, ikinji bir maslahata gatnaşmanam biler.

Ýaşulular maslahatyna, esasan, göze ilip duran bir şikesi bolmadyk, ak sakgaly bolan, görmegeý, peşeneli adamlar, şeýle-de sakgalyna we ýaşyna garamazdan, ähli gullukçylar gatnaşdyrylýar.

Sakgally we sakgalsyz ýaşulularyň jemgyýetde aýratyn orun almagy üçin, S.Nyýazow “Hormatly il ýaşulusy” diýen resmi at döretdi. Ýurduň hökümet hem döwlet ýolbaşçylaryna, tanalýan belli adamlara ol resmi at ýörite perman bilen berildi.

Aýallaryň hukugyny kemsitmezlik üçin, bu at ýokary wezipeli bir ýaş gelne-de berildi.

Eýsem perman bilen ýurtda hormatly ýaşulularyň sany artdymy ýa-da olaryň mertebesi beýgeldimi? Megerem, üýtgän zat bolmady. Sebäbi olar ak sakgaly, çal başy bilen wezipeliniň öňünde baş egdiler.

Güýç-gurbatdan galan garrylara, maýyplara, eklenji bolmadyk naçar enelere hem çagalara berilýän kömek pullary ýatyrmaly diýen karary ýaşulular iki elläp goldadylar. “Hormatly il ýaşululary” ejize hem mätäje ýardam edip bilmedi.

Amanmyrat Gara atly sylanýan ýaşuly şeýle diýdi.

– Biziň sakgal goýbermeli döwrümiz bulaşyk zamana gabat geldi. Bu ýaşdan soň, ýygyrt-ýygyrt eňegiňi gyrdap ýörmegiň gelşigi ýok. Ýöne şu ak sakgallylaryň bolşuny göremsoň, sakgal goýbermäge namys edýän.

Şertler

Durmuşyň şol talaplaryndan seretseň, hormatly ýaşuly, ondanam beýigräk kethuda bolmak üçin, ýaşyň bir çene barmagy ýa-da sakgalyň aklygy ýeterlik däl ekeni. Adam hakykaty aýdyp bilende, ejizi hem goragsyzy goramagy başaranda ýaşuly saýylýar hem köpüň sylagyna mynasyp bolýar.

Başgaça aýdylanda, her bir ynsan ýaşululyk hormatyny gara başy bilen gazanýar.

Şeýle gürrüň edýärler; bir dawada ýaşuly adalatyň tarapyny tutupdyr. Meseläni çözýän häkim ondan kasam içmegi talap edipdir.

Ol başyny belent tutup:

– Sözüm – meniň antym. Aýdan sözümden artyk maňa ant içmegiň geregi ýok – diýipdir.

Mertebe

Ýaşululyga ýetmek her ynsanyň belent arzuwy bolup durýar. Ýaşululyk derejesini görmegi, öz ömrüniň garrylyga ýetmegini hemme isleýär. Aslynda bolsa ol ýaşda hezilligiň ýokdugy belli. Magtymguly aýtmyşlaýyn, ol bir dert ýamany. Şeýle-de bolsa, her kim oňa ýetmekçi.

Ýaşululyk möhleti edil çagalyk ýaly, örän gysga. Ýöne aşa jogapkärli. Ýaşululygy goramak, öz ýaşyňa mynasyp bolmak adamdan köp zady talap edýär.

Ýaşululyk çägine ýeten ynsan öz pähim-paýhasy hem durmuşdaky orny bilen Haka ýakynlaşýar. Şonda ol salyhatly bolmagy başarmaly. Munuň üçin owaly bilen dogry sözlülik gerek, onsoň adalatyň tarapynda durmagy başarmaly. Başga-da kadalar köp, ýöne onuň iň soňkusy ölümden gorkmazlyk bolsa gerek.

Ilimiziň örän hormatly hem sylagly ynsany, Hywada öwlüýä bolup ýatan Mahmut Pälwan şeýle diýipdi.

Keremiňden gara saçym agardy,
Ak saçym-la ýüzügara eýleme.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG