Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwistine hüjüm edildi


Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän azeri aktiwisti ýurduň Nahçiwan eksklawynda nämälim hüjümçiler tarapyndan agyr urlup-ýenjildi.

Ilgar Nasibowa 21-nji awgustda Nahçiwan resurs merkezi atly ofisinde mahaly hüjüm edilýär. Bu merkez welaýatda hereket edýän ýeke täk garaşsyz hukuk goraýjy guramadyr.

Nasibow kellesinden agyr ýaralanan, burny, gapyrgalary döwlüp, huşsuz ýatan ýagdaýda tapyldy.

Nasibowyň hüjümden soňky düşürilen suratynda urlup-ýenjilmelerden soň, onuň gözüniň çişendigi görünýär.

XS
SM
MD
LG