Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina ýene kerwen ibermekçi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň Ukraina ikinji ynsanperwer ulag kerwenini ibermegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Lawrow 25-nji awgustda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Moskwanyň bu plany barada Ukrainany habarly edendigini we Kiýew tarapyndan hyzmatdaşlyga garaşýandygyny aýtdy.

“Biz ähli zerur düzgünleri utgaşdyrmak üçin ukrain häkimiýetleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyga umyt bildirdik” diýip Lawrow aýtdy.

Orsýetiň geçen hepdede ukrain hökümetinden we “Gyzyl haj” guramasyndan birugsat Ukrainanyň gündogaryna köp sanly ýük ulagyny ibermegi Kiýewiň we Günbatar döwletleriniň berk tankydyna duçar boldy.

Şeýle-de Lawrow dynç günlerinde Donetskde Ukrainanyň uruş ýesirleriniň köpçüligiň öňünde köçeden geçirilmegini kemsidiji hasap etmeýändigini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary bu wakany berk tankyt etdiler we onuň Ženewa konwensiýasyny depeleýändigini aýtdylar.

Lawrowyň bu çykyşy Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleriniň Minskde boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda edildi.

XS
SM
MD
LG