Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl, Hamaz ýeňiş yglan edýär


Ysraýyl bilen Hamazyň ikisi hem Gazada bolan ýedi hepdelik konfliktde ýeňiş gazanandygyny aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 27-nji awgustda Hamaz berk uruldy we hiç bir talabyny durmuşa geçirdip bilmedi diýdi.

Gazada bolsa, maskaly jeňçiler weýran edilen jaýlaryň harabalarynyň üstünde toplanyp, pulemýotlaryny, granatomýotlaryny, raketalary we tanka garşy raketalaryny güjeňlediler.

26-njy awgustda soňlanan söweşde 2100-den gowrak adam öldürildi, olaryň köpüsi palestinaly.

Şu arada BMG-niň Bütindünýä Azyk programmasy bir kerweniniň Gaza girendigini, onuň 150 müň adama bäş gün ýetjek azyk eltendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG