Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Türkmen-orsýet maslahaty geçýär


Aşgabatda 8-11 sentýabrda Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda nebit-gaz hyzmatdaşlygy boýunça maslahat geçirilýär. Tegelek stol görnüşinde geçirilýän bu maslahatyň ýurtlaryň nebit-gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine bagyşlanýandygy aýdylýar.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu çäräniň çäginde Orsýetiň nebit-gaz ugrundan iş alyp barýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Orsýet 2009-njy ýyla çenli türkmen gazynyň esasy hyrydary bolupdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň energiýa ugrundan esasy partnýorlarynyň ýene biri Eýran türkmen gazyna özüniň mundan beýläk mätäç däldigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG