Sepleriň elýeterliligi

Musulman erkek adama sakgal hökmanymyka?


Sakgalyna timar berip duran bir musulman erkek

Sakgalyna timar berip duran bir musulman erkek

Somalide "Hizbul Yslam" atly ýaragly topar bu hepde Mogadişide erkek adamlaryň sakgal goýbermegi we murtlaryny bolsa seýreldibräk, kelte görnüşde goýmaklary barada buýruk çykarypdyr.

"Hizbul Yslam" ýaragly topary "Kimde-kim bu kadany bozsa, jogapkärçilige çekiljekdir" diýen görnüşde-de bildiriş ýaýradypdyr.

Eýsem, yslam dinine görä sakgal goýbermeklik wajypmyka?

London uniwersitetinde Aziýa we Afrika ýurtlarynyň studentleriniň okaýan bölüminde işleýän prof. Muhammet Abdul Halim bu soraga "Ýok, wajyp däl" diýip jogap berýär. Professoryň aýtmagyna görä, aglabasy musulman ýurtlaryndan bolan din alymlarynyň pikirine görä, sakgal goýbermeklik ýa-da uzyn sakgally gezmek adamyň öz islegine bagly.

"Musulmanlar pygamberiň sakgal bilen baglanyşykly pikirlerini Gurhandan däl, eýsem hadyslardan okaýarlar. Meselem, şeýle hadyslaryň birinde "Murtuňy gysgalt, sakgaly uzyn goýber" diýlipdir."

Öňe sürülýän garaýyşlara görä, musulmanlaryň sakgal goýbermeginiň talap edilmegi bilen, Muhammet pygamber hem sakgal goýberensoň, oňa öýkünilmegi islenilýär.

Abdul Halimiň aýtmagyna görä, yslam kada-kanunlarynyň hemmesiniň düýp mazmunynda ündew ýatyr we nähili hereket etmelidigi barasynda ygtyýar adamyň özüne goýulýar. Başgaça aýdylanda, ýagny buýruk berlenok-da, diňe maslahat berilýär.

"Owganystandaky ”Talyban” we Somalidäki yslamçylar bütin dünýädäki musulmanlaryň arasynda öz şeýle kada-kanunlaryna boýun egilmegini talap edýän we boýun egmeýänleri hem jezalandyrjakdyklaryny aýdyp haýbat atýan azlykdaky topar bolup galýarlar. Meniň bilen bir hatarda her bir musulman öz isleýän zadyny durmuşa geçirmeklik babatda azat we erkin bolmalydyr. Öz kabul etjek kararyna gaýtargy beriljeginden çekinmeli däldir."

Sakgalsyzlyk medeniýetliligiň alamatyna öwrülipdi

Britaniýaly Angliýanyň yslam hereketiniň kömekçi ymamy Abduljelil Sajid hem şeýle garaýyş bilen ylalaşýar.

"Meniň pikrimçe, bu ýagdaý zenanlaryň bürenjek atynmagyna meňzeýär. Bu, agyz bekläp oraza tutmaklyk ýaly, yslam diniň mejbury şertlerinden däl."

Emma Abduljelil Sajidiň aýdyşy ýaly, yslamyň käbir tarapdarlarynyň arasynda sakgal goýbermekligi wajyp hasaplaýanlaram bar. Meselem, şaýylar, kelte-de bolsa, sakgal goýbermeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa diňe pygambere öýkünmeklikdir.

Ymam Abduljeliliň aýtmagyna görä, muňa garamazdan, Müsür, Iordaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlarda tapawutlyklar bar. Bu ýurtlarda sakgal goýbermeýän tarykat baştutanlaryna duş gelmek mümkin.

"Sakgalsyz gezmeklik medeniýetliligiň alamatyna öwrülipdi. 1960-njy we 1970-nji ýyllarda sakgalyny syrdyran köpsanly musulmanlary görmek mümkindi."

Ymam Abduljeliliň aýtmagyna görä, biziň döwrümizde pygamberiň aýdanlaryny bolşy ýaly ädim ädim yzarlaýanlar "fundamentalist musulmanlardyr".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG