Sepleriň elýeterliligi

“Jyhadçy” täjik raýaty tussag edildi


Gyrgyzystanyň resmileri Palestinanyň territoriýasyndaky söweşijilere goşulmagy maksat edinen asly täjigistanly bir raýaty tussag edendiklerini habar berýärler.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäher polisiýasy 45 ýaşyndaky Komil Rahmotowyň 11-nji sentýabrda Stambula uçmazdan 30 minut öň, Oş halkara aeroportynda tussag edilendigini mälim etdi. Rahmatow Täjigistanyň demirgazygyndaky Sugd welaýatyndan eken.

Oş şäher polisiýasynyň metbugat wekili Zamir Sydykowyň aýtmagyna görä, polisiýa käbir çeşmelerden maglumatlar gelip gowşandan soň, Rahmatow tussag edilipdir.

Sydykowyň sözlerine görä, Rahmotow “musulman doganlaryna kömek etmek” üçin Palestinanyň territoriýasyna gitmegi planlaşdyrandygyny boýun alypdyr.

XS
SM
MD
LG