Sepleriň elýeterliligi

"Pitneçi hüjümi yzyna serpikdirildi"


Ukrain harbylary öz güýçleriniň gündogardaky Donetsk şäheriniň aeroportuna, iki tarapyň arasynda sekiz gün ozal baglaşylan ýaraşyga garamazdan, orsýetçi separatistler tarapyndan edilen hüjümi yzyna serpikdirendigini aýdýar.

Şäher häkimiýetleri 13-nji sentýabrda aeroport töwereginden top sesleriniň eşidilendigini habar berdiler.

Donetsk şäheri separatistleriň kontrollugynda, aeroport bolsa hökümet güýçleriniň kontrollugynda ýerleşýär.

Separatistler we hökümet güýçleri bir-birini 5-nji sentýabrda baglaşylan ýaraşygy gaýta-gaýta bozmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG