Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Orsýet-ÝB gatnaşyklaryna umyt bildirdi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýewropanyň Moskwa garşy täze sanksiýalarynyň Ukrainadaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça tagallalara zyýan berýändigini belledi, emma Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň aragatnaşyklarynda “yza öwrülmäge ýol bermeýän nokatdan” entek geçilmändigini aýtdy.

Ispaniýanyň “El Pais” gazeti bilen söhbetdeşliginde Lawrow sanksiýalaryň “Kiýewdäki uruş toparyna göni goldaw signalyny iberýändigini” belledi. Lawrowyň bu interwýusy Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda 17-nji sentýabrda çap boldy.

Şeýle-de Lawrow Orsýetiň we ÝB-niň arasyndaky, onuň öz sözi bilen aýdylanda “ätýaçlandyryş torunyň” gatnaşyklary diňe konfliktden öňki derejä ýetirmän, öňe tarap itergi bermäge-de mümkinçilik berip biljegini belledi. Lawrowyň sözlerine görä, şu sebäpden ÝB we ABŞ sanksiýalar meselesinde “akyl-paýhasa gulak asyp, manysyzlyk we ahlaksyzlyk girdawyndan çykmaly”.

Lawrowyň sözlerine görä, Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda ok atyşygyň bes edilmegine “doly gözegçilik edilýär”.

XS
SM
MD
LG