Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlaryna basyş edilýär


Krym tatarlaryň alymy ýüzi nikaply hüjümçileriň özüni awtoulagdan çykaryp, elinden pasportyny alandygyny gürrüň berdi. Alym bu hereketiň özüniň Nýu-Ýorkda BMG-niň konferensiýasyna gatnaşmagyna päsgel bermek üçin edilendigini çak edýär.

Nadir Bekire 18-nji sentýabrda agşam edilen bu hüjüm Orsýetiň häkimiýetleriniň krym tatarlarynyň milli geňeşi Mejlisi ele salyp, Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegine esasan garşy çykyş eden milli azlyga basyş etmek boýunça eden hereketlerinden birnäçe sagat yzýany ýüze çykdy.

19-njy sentýabrda regionyň paýtagty Simferopolda krym tatarlarynyň esasy kitaphanasynyň ýapylýandygy barada yglan edildi we bu çäräniň ýarymadanyň kitaphanalaryny Orsýetiň döwlet edaralary bilen çalyşmak barada awgust aýynda gelnen karar esasynda amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Ýerli halklar boýunça bilermen Bekiriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Ýerli halklar boýunça 22-23-nji sentýabrda boljak halkara konferensiýasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG