Sepleriň elýeterliligi

iPhone-6 satuwa çykaryldy


iPhone-6-nyň tanyşdyrylyş dabarasyndan bir pursat

iPhone-6-nyň tanyşdyrylyş dabarasyndan bir pursat

Tehnologiýa bilen meşgullanýan “Apple“ kompanýasy iPhone kysymly akylly telefonlaryň nobatdaky modelinden iPhone-6 smartfonlaryny 19-njy sentýabrda satuwa çykardy. Dunýäniň käbir ýurtlarynda, şol sanda Germaniýada iPhone müşderileri 3 gije-gündizläp “Iiphonstore“ söwda merkezleriniň öňünde nobata durdular.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kompaniýanyň ýolbaşçylary Pil Şhiller we Tim Kuk täze telefonyň iki görnüşiniň 4,7 we 5,5 dýum ölçeginde (iPhone plýus), ýagny displeýi degişlilikde 12 we 14 sm ululykdakysyny hödürlejekdigni habar berdiler.

iPhone-6-nyň tanyşdyrylyş dabarasyndan bir pursat

iPhone-6-nyň tanyşdyrylyş dabarasyndan bir pursat

Şeýle-de “Apple Watch“ 9-njy sentýabrda Amerikanyň (FlintCenter zalynda) Kopertion şäherinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda, aýdylyşy ýaly, akylly sagatlaryň hem hödürlenjekdigni mälim edipdi.

Täze aýfonlaryň bahasy şeýle: olaryň 16 GB sygymly ýady bolanlary 299 dollardan, 64 GB ýatlysy 399 dollardan we 128 GB ýady bolan mobiller-de 499 dollardan satylýar.

Täze aýfonlaryň 4,5 we 6-njy modellerinde 12 megapiksellik surat alýan fotokamera bar. Bular iki ýadroly A8 prosessor esasynda gurlan. Beýleki iPhone enjamlary bilen deňşdirlende, iPhone-6 iň ýuka model hasaplanýar. 12 santimetrlik Iphone-6 mobiliniň agramy 129 g., ini 7,1 mm, Iphon-6 plýusyň agramy bolsa 172 gr we ini-de 71 mm.

“Apple“ kompaniýasy bu mobil telefonda başga-da köpsanly aýratynlyklary göz öňünde tutupdyr. Meselem, bu enjamyň batereýalary bir gezek tow berlensoň, uzak wagtlap, ýagny 350 sagatlap işleýär.

“Applepay“ diýen softwar arkaly pul tölemek hem ýeňilleşdirilen. ”American Expere”, ”Viza” we ”Master bank” kartalary bilen tölenilýän söwda merkezlerde mundan beýläk Iphone-6 mobil telefony bilen hem töleg tölese bolýar.

Täze aýfonlar bilen bir hatarda IOS-8 amaly ulgam hem hödürlendi. IOS-8 "Apple" şirketniň iň soňky amaly ulgamy hasaplanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, "Apple" kärhanasynyň öndüren aýfonlary Amerikanyň smartfon bazarynda 40 protsent paýy eýeleýär. Şu san dünýä boýunça 12 prosente ýetýär. Dünýä bazarynda bolsa Günorta Koreýanyň ”Samsung” smartfonlary has uly paýy eýe.

“Apple Watch“ sagatlary

“Apple Watch“ sagatlary

“Apple Watch”, sagatlary bilen öz saglyk ýagdaýyňa-da gözegçilik etse bolýar. Meselem, ýöräp barýarkaň ädimleriňi sanasa bolýar. Bu akylly sagatlar sport bilen meşgullanmaga höwes döredýär diýip, “Apple“ saýtyndaky reklamada aýdylýar.

“Apple Watch“ sagatlary 2015-nji ýyldan beýläk satlyljak diýip, “Apple“ maglumat berýär. “Apple Watch“ dürli bahadan satylar we goşar sagtalarynda oturdylan tehnologiýa, şeýle-de ulanylan ýakut daşlarynyň kristallary boýunça 350 dollardan 1200 dollara çenli satylar diýip çak edilýär.

Bu sagtalar barada tehniki taýdan dürli maglumatlar berilýär. Sagatlaryň üç görnüşi öndüriler diýlip habar berilýär, olar: “Klassyk“ “Sport“ we altyn çaýylan görnüşlerdir.

“Biziň smartfonlarymyz Russiýada, Braziliýada, Hindistanda we Hytaýda has gowy satylýar” diýip, ”Apple” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Tim Kuk aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu kompaniýa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2014-nji ýylda öz önimlerni 13 prosent töweregi artyk satypdyr.

“Apple“ kompaniýasynyň “iPhone” (aýfon) kysymly akylly telefonlary ilkinji gezek 2007-nji ýylda satuwa çykaryldy.

XS
SM
MD
LG