Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YDYL-yň 'halyf' yglan eden adamy kim?


Käbir maglumatlara görä, Bagdady ömrüniň birnäçe ýylyny Owganystandaky arap jyhatçylarynyň we “talybanlaryň" arasynda geçiripdir.
Käbir maglumatlara görä, Bagdady ömrüniň birnäçe ýylyny Owganystandaky arap jyhatçylarynyň we “talybanlaryň" arasynda geçiripdir.

Golaýda "Yslam döwleti" topary Yrakda basyp alan sebitlerinde bir asyr mundan owal aýrylan halyfaty täzeden dikeldendigini bildirdi we täze halyfyň kimdigini açyklady.

Aslynda "Yslam döwleti" toparynyň baştutany bolan we onuň halyf Ybraýym ýaly meşhur elýetmez ýolbaşçysy Ebu Bekir Al-Bagdady kimkä?

Käbir maglumatlara görä, Bagdady ömrüniň birnäçe ýylyny Owganystandaky arap jyhatçylarynyň we “talybanlaryň" arasynda geçiripdir.

Zarkawiniň dosty

Güman edilişine görä, Bagdady Owganystana 1990-njy ýyllaryň ahyrynda gidipdir. 2003-nji ýylda bolsa, ABŞ-nyň Yraga gurnan harby hereketinden soň, ol ýurda “Al-Kaýdanyň” düýbini tutan iýordaniýaly Ebu Musab Al-Zarkawi bilen bilelikde gidipdir.

Aradan ep-esli wagt geçenden soň, Zarkawiniň toparlary "Yslam döwleti" guramasyna öwrülipdir.

Hakyky ady Ahmet Fadyl Al-Halaýylah bolan Zarkawi, ganhorlugy we rehimsiz jenaýatkärligi bilen tanalýan biri bolupdyr.

1966-njy ýylda doglan Zarkawi birnäçe ýyl Iýordaniýa tussaghanalarynda bendilikde bolupdyr we jezasyny çekýän döwründe, ýagny 1980-nji ýyllarda radikallaşyp, çakdanaşa yslam ekstrmizmine girişipdir.

Zarkawi tussaghanadan azatlyga çykandan soň, 1989-njy we 1992-nji ýyllarda Owganystanda mujahitleriň Sowet soýuzy tarapyndan goldanýan Kabul hökümetine garşy ýaragly agdarylyşygy amala aşyryp, ondan soň Iýordaniýa gaýdypdyr.

Ony, 1994-nji ýylda şa Hüseýniň Ysraýyl bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmegine garşy dildüwişik gurnamakda aýyplap, täzeden tussaglyga iberipdirler.

Kazyýetde işine garalmagy ony anti-haşimileriň arasynda meşhurlyga ýetiripdir.

Zarkawi 5 ýyl soň şa Hüseýniň aradan çykmagy sebäpli yglan edilen günägeçişik bilen sypypdyr.

Siriýa goşuny

Zarkawi soň Owganystana gaýdyp barypdyr. Aýdylmagyna görä, onuň Bagdady bilen bilelikde işleşmegi we ýaşamaklygy, ana, şonda başlapdyr. Ol ýerde hem araplardan emele gelen Jünd Aş-Şam (Siriýa goşuny) atly guramany döredipdir we Usama Bin Ladenden ummasyz maliýe kömegini alypdyr.

Ol gurama esasanam Kabul we Geratda iş alyp barypdyr.

Zarkawiniň guramasy kiçi-girim dabaralarda Iýordaniýanyň ullakan myhmanhanalarynda we haçparazlaryň turistik ýerlerinde terrorçylykly hüjümleriň gurnalmagyny göz öňünde tutypdyr. Ýöne Iýordaniýanyň howpsuzlyk guramalary olaryň şeýle planlaryny öňünden bilip, 1999-njy ýylda Zarkawiniň gaýybana azatlykdan mahrum edilmegi barada karar çykarypdyr.

Bagdadynyň şol terrorçylykly planlara goşulyp- goşulmandygy bilinmeýär. Ýöne barybir şeýle işleriň onsuz edilip bilinmejekdigine ynanylýar.

Bagdady we Zarkawi Owganystanda bolan ýyllarynda “Talyban” hereketi bilen içgin aragatnaşyk saklapdyrlar.

Bagdady ylaýta-da “Talybanyň” bilim ministri bilen gowy dost bolupdyr. Ýöne mekdepleriň gadagan edilen sebitlerinde onuň nämä ministrlik edýändigi hem belli däldi.

Güman edilişine görä, Bagdady hem “Talybanyň” beýleki käbir ýaranlary ýaly, 11-nji sentýabr terrorçylykly hüjüminiň yzýanyndan amerikan goşunlarynyň Owganystana harby hereket gurnan mahaly, ol ýurdy terk edipdir.

Şaýylygyň ganym duşmany

Zarkawi bolsa Yraga gidipdir we soň “Al-Kaýda” ýaly tanaljak guramany döretmäge başlapdyr. Bu gurama 2006-njy ýylda onuň aradan çykmagyndan soň Yragyň "Yslam döwleti" guramasyna öwrülipdir.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Bagdadynyň Zarkawi bilen iň bärkisi 1999-njy ýyldan bäri tanyşdygy babatdaky täze maglumatlar olar barada çynlakaý netijeler çykarmaga mümkinçilik döredýär.

Mundan ugur alyp, arkaýynlyk bilen şeýle diýmäge esas bar; özüni halyf yglan eden bu adam şaýylyga garşy sünni ekstrimizminiň iň irki oýunçylaryndan biri bolmak bilen çäklenmän, aslynda onuň düýbüniň tutylmagyna gatnaşypdyr.

Aýman Al-Zawahiri ony halamaýardy

Bu maglumat synçylaryň Bin Ladeniň mirasdüşeri Aýman Al-Zawahiri bilen Bagdadynyň arasynyň gowy bolmandygy bilen düşündirilýär. Zawahiri Zarkawiden we oňa ýakyn bolan adamlardan hemişe güman edipdir. Aýman Al-Zawahiri Zarkawini ganhor we gaty mezhepparaz biri hasap edipdir.

Zawahiri şu ýylyň başynda Bagdadyny “Al-Kaýdadan” kowupdyr. Zawahiri Jebhet Al-Nusra guramasyny “Al-Kaýda” boýun egdirmäge çalşan mahaly, Bagdady bu guramany YDYL-a boýun etmäge synanyşypdyr.

Häzir Bagdadynyň özüni halyf yglan etmekligi bolsa, onuň has uly ambisiýalara eýedigini ýaňzydýar.

Täze halyfy ne “Talyban”, ne-de radikal selefidler ykrar edýär

Şol bir wagtyň özünde Owganystandaky “Talybanyň” lideri Molla Omar özüni musulman dünýäsiniň lideri ýaly hasaplaýar we şeýle wezipäni özüne Bin Ladeniň berendigini öňe sürýär.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Bagdadynyň halyflyk aladasy ony “Talyban” bilen hem jetleşdirýär.

Eýran hökümetine degişli “PressTW” habar gullugynyň aýan etmegine görä, hatda Siriýa söweşijilerini goldaýan abraýly musulman alymlar hem, hemmesi bir agyzdan, "Bagdadynyň toslama halyflygyna masgaraçylyk höküminde baha berýärler".

Siriýa söweşijileriniň esasy tarapdary hasaplanýan abraýly dil alymy Yusup Al-Karadawi hem Bagdadynyň öňe sürýän garaýyşlaryny kabul etmeýär.

Habar gullygynyň bildirmegine görä, Tunisiň Al-Nahda partiýasynyň lideri Rajid Hannowçi Bagdadynyň özüni halyf yglan etmegine "jogapkärçiliksiz we akmak hereket" diýip baha beripdir.

Musulman halyflygyna mirasdüşerlik ugrynda dalaşgärlik edýän Hizbut Tahrir partiýasy bolsa, Bagdadynyň halyflygyny hakykata gabat gelmeýän ýagdaý hasaplaýar.

Eýran habar gullugynyň aýtmagyna görä, täze halyfy çakdanaşa selefidler we tekfirler masgaraçylyk hasaplaýarlar.

XS
SM
MD
LG