Sepleriň elýeterliligi

Gazak aktiwisti açlyk yglan etdi


Tussaglykdaky gazak aktiwisti Wadim Kuramşin öz sud işine gaýtadan garalmagyny talap edip, açlyk yglan etdi.

Kuramşiniň ejesi Olga Koltunowa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda oglunyň 22-nji sentýabrda Gazagystanyň demirgazygyndaky jeza beriş koloniýasynda açlyk yglan edendigini aýtdy.

Kuramşin gazak türmelerindäki, şol sanda häzirki wagt özüniň tussaglykda saklanýan jeza beriş koloniýasyndaky tussaglaryň hukuklarynyň bozulmagy barada habarlylygy artdyrmak tagallalary bilen tanalýar.

Ol 2012-nji ýylyň dekabr aýynda zor bilen pul talap etmekde aýyplanyp, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Kuramşiniň tarapdarlary bu hökümiň syýasy maksatlydygyny aýdypdylar.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Kuramşin “Ludovic-Trarieux” adyndaky halkara baýrak bilen sylaglanypdy.

Bu baýrak ilkinji gezek 1985-nji ýylda günorta afrikaly Nelson Mandela gowşurylypdy.

XS
SM
MD
LG