Sepleriň elýeterliligi

130 müň siriýaly kürt Türkiýä bardy


Ankara soňky iki günüň dowamynda 130 müňden gowrak siriýaly kürtüň “Yslam döwletiniň” jyhadçylaryndan gaçmak maksady bilen Türkiýäniň territoriýalaryna geçendigini habar berýär.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmuş özüniň 22-nji sentýabrda Ankarada beren maglumatynda ýolbaşçylar has köp siriýalylaryň ýurda aralaşmagyna, şol sanda ýene-de ýüzlerçe müň bosgunyň gelmegine sebäp bolup biljek “ýaramaz ssenariýlere” taýýarlyk görýär diýdi.

Siriýaly kürtleriň türk territoriýalaryna aralaşmagy “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Aýn al-Arab şäherçesindäki onlarça obany ele salan mahaly bolup geçdi.

Türkiýäniň “PKK” atly kürt pitneçi topary 22-nji sentýabrda özüniň kürt tarapdarlaryna ýüzlenip, olary Siriýanyň territoriýasyna geçmäge we gürrüňi edilen şäherçäni basyp alan “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy göreşmäge çagyrdy.

“BBC” korporasiýasynyň berýän maglumatyna görä, türk howpsuzlyk güýçleri kürt söweşijileriniň Siriýadaky uruş hereketlerine gatnaşmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG