Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Goňşyň internedinden birugsat peýdalanmak haram"


Generic -- 3G, 4G mobile internet
Generic -- 3G, 4G mobile internet

Türkiýäniň Giresun welaýatynyň Göreli etrabynyň müftüsi Enwer Türkmen şeýle diýýär: "Käbir adamlaryň öz goňşularynyň ulanýan wi-fi, ýagny kabelsiz internet hyzmatdyndan birugsat peýdalanmagy haramdyr".

“Dogan” habarlar gullugynyň (DHA) habar bermegine görä, Enwer Türkmen özüniň internet baradaky pitiwasyny (fetwa) şeýle düşündirýär: ýagny goňşyň internet ulgamyndan peýdalanmak üçin hökmany suratda onuň razyçylygy alynmalydyr.

Müfti metbugat habarçylaryna beren beýannamasynda: "Birugsat ýagdaýda başga biriniň kabelsiz internet ulgamyndan peýdalanmak, yslam dininiň kadalaryna gabat gelmeýär. Wi-Fi kabelsiz internet ulgamyndan peýdalanmaklygyň hem bir çägi bar. Şol çägi geçen mahalyň, goşmaça töleg tölemeli bolýarsyň. Başga biriniň Wi-Fi kabelsiz internet ulgamyndan pulsuz, mugt peýdalanmak bilen bir wagtyň özünde hyzmatyň limitini, ýagny çägini geçibem, goňşa maddy zyýan berýärsiň. Şonuň üçinem goňşyň kabelsiz internedinden birugsat peýdalanmak hahal däl we Allanyň bendesiniň hakyny iýmeklikdir" diýipdir.

Türkiýede müftüler Döwlet din işleri edarasynyň buýrugy bilen wezipä bellenýärler. Türkiýe respublikasynyň düýbüni tutan Mustafa Kemal Atatürküň dini döwlet işinden aýyrmaklyk maksady bilen 1926-njy ýylda döreden şol edarasynyň häzirki býujet serişdesi käbir beýleki ministrlikleriň birnäçesiniň bilelikdäki býujetindenem köpdür.

XS
SM
MD
LG