Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: 'Siriýada gury ýer goşunlary zerur'


Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň ýokary derejeli komandiri şu hepdäniň başynda Siriýadaky YD jeňçilerine garşy urlup başlanan zarbalaryň bu toparyň komanda we kontrol-dolandyryş ukybyny gowşadandygyny aýtdy.

Emma general Martin Dempsey, birleşen komanda ştabynyň başlygy 26-njy sentýabrda žurnalistlere Siriýada 15 müňe çenli gury ýer söweşijisiniň hem zerur boljagyny aýtdy.

Ol bu esgerleriň Siriýanyň aram oppozisiýasyndan düzülmelidigini belledi. Dempsey özüniň Yrakda we Siriýada uly giňişligi eýelän jeňçi topara garşy “erjel we dowamly» kampaniýa garaşýandygyny» aýtdy.

26-njy sentýabrda Britaniýanyň, Belgiýanyň, Daniýanyň hem Yrakdaky howa zarbalary planlaryna goşulmagy tassyk etmegi bilen, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda YD-a garşy düzülen koalisiýa has giňedi.

Fransiýa ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Yrakdaky YD nyşanalaryna zarba urmak kampaniýasyna eýýäm goşuldy, emma henize çenli Siriýa meselesinde beýle etmekden saklanýar.

40 çemesi ýurt, şol sanda birnäçe Ýakyn Gündogar ýurdy YD-a garşy koalisiýa goşuldy.

XS
SM
MD
LG