Sepleriň elýeterliligi

Siriýada sekiz gyrgyz jyhadçysy öldi


Siriýada hökümet güýçlerine garşy göreşýän yslamçy söweşijileriň hatarynda sekiz gyrgyzystanly öldürildi.

Gyrgyzystanyň Oş regionynyň Içeri işler direktoratynyň metbugat wekili Jeniş Aşyrbaýew (Jenish Ashyrbaev) 29-njy sentýabrda habarçylara beren maglumatynda Siriýadaky yslamçy pitneçileriň hataryna jemi 100 çemesi gyrgyzystanlynyň goşulandygyny aýtdy.

Aşyrbaýewiň sözlerine görä, Siriýada jyhadçylaryň hatarynda söweşýän gyrgyz raýatlarynyň aglabasy Russiýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Siriýa sapar edipdir.

Russiýanyň, Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynyň we Kawkaz ýurtlarynyň resmileri öz ýurtlaryndan ýüzlerçe raýatyň Siriýada hökümet güýçlerine garşy göreşmek üçin yslamçylaryň hataryna goşulandygyny habar berýärler.

Geçen hepde Birleşen Ştatlar Gürjüstanyň raýaty Tarhan Batiraşwilini we aka Omar al-Şişanini Siriýadaky terrorçylykly söweşleri goldamak üçin ekstremist guramalar bilen işleşýän şahslaryň sanawyna goşupdy.

XS
SM
MD
LG