Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly türkmen alymynyň saglygy ýaramazlaşýar


Umyt Kowkabi
Umyt Kowkabi

Eýran türkmenlerinden bolan alym Umyt Kowkabi Tähranyň Ewin türmesiniň 350-nji kamerasynda saklanylýar. Soňky berlen maglumata görä, alymyň saglyk ýagdaýy barha ýaramazlaşýar. Umydyň ýürek we böwrek keseline uçrandygy aýdylýar.

BBC radiosynyň 15-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Umyt Kowkabi böwrek, aşgazan we ýürek keseline uçrapdyr. Ewin türmesiniň ýolbaşçylary bu alyma öz saglygyny bejertmäge rugsat bermediler“ diýip, BBC belleýär.

Umydyň böwreginde daş bar. Şol bir wagtyň özünde-de ol indi köp wagtdan bäri diş agyrydan ejir çekýär. Onuň bu ýagdaýy hakda halk arasynda hem giňden gürrüň edilýär.

“Biz onuň derhal türmeden çykarylyp, medisina kömegini almagyna rugsat berilmegini soraýarys” diýip, Adam hukuklaryny goraýan Halkara AI guramasynyň Londondaky Býurosynyň ýakyn Gündogar boýunça jogapkäri Bahra Dewis belleýär.

Umyt Kowkabi kim?

Umyt (Omid) Kowkabi 33 ýaşynda we 3 ýyldan bäri türmede saklanylýar. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Texas Uniwersitetinde ýadro Fizikasy ugrundan okaýardy.

Kowkabi 2011-nji ýylyň fewral aýynda öz ene-atasyny görmek üçin Birleşen Ştatlardan Eýrana baranda, tussag edilipdi.

Tähran sudy Umydy 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Ol günäsiz ýerinden türmede saklanylýar diýp, hukuk goraýjy käbir guramalar, şol sanda Nobel baýragyny alan18 alymyň Eýranyň ruhany lideri Hameneýä iberen ýuzlenmesinde aýdylýar.

Bu haty ýazanlar Fizika boýunça Nobel baýragyny alan alymlar. Olaryň hatyna Adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International, şeýle-de New Yorkda ýerleşýän Alymlaryň Komiteti we Amerikanyň fizikler guramasy hem gol çekipdirler.

Käbir Eýran neşirlerinde, şol sanda "Käleme" atly websahypada çap edilen habarda hem Umydyň bu ýagdaýyna alada bildirliip, onuň hiç haçan syýasata goşulmandygy aýdylýar.

Emma Eýranyň häkimiýetleri bolsa Umydy ABŞ-nyň bähbidine hyzmat edýänlikde aýyplap, ony 2011-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Amerikanyň fizika boýunça baýragyna hödürlendi

Ýeri gelende aýtsak, onuň ylmy işleri barada Tehas Uniwersitetniň websaýtynda hem ýörite bölüm açylypdyr. Ýaş alym Umyt Kowkabi Eýranda fizika boýunça Olimpiada ýaryşlarynda birinji orny alypdy. Ýurduň ruhany lideri aýatolla Aly Hameneýi Umydyň bu üstünligini gutlap, oňa sylag hatyny hem beripdi.

Eýranyň „Järäs” adyndaky internet sahypasy bolsa Umyt Kowkabiniň türmede çüýremegi ylma, şeýle-de öz watany eýran üçin uly ýitgi diýip ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, “American Physical Society“ atly gurama geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Umydy onuň fizika ylmyna goşan goşandy üçin öz ýörite baýragyna hödürledi.

XS
SM
MD
LG