Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Ýedi zenan tussag edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad regionynda zenanlaryň bir topary ýurtda gadagan edilen yslamçy topara agza bolmakda aýyplanyp, tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň 30-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, 20 we 25 ýaş aralygyndaky ýedi zenan Nuken etrabynda geçirilen ýörite operasiýalar döwründe tussag edilipdir.

Gyrgyz polisiýasy deliller gürrüňi gidýän toparyň “Hizb ut-Tahrir” guramasyna ýerli ýaşaýjylaryň arasyndan täze agzalary işe çekmek ýaly işlere işjeň gatnaşandygyny görkezýär diýdi.

Düýbi Londanda ýerleşýän “Hizb ut-Tahrir” guramasy ähli musulman ýurtlarynyň birleşip, bir Yslam halyfatynyň astynda jemlenmegini maksat edinýär.

Gyrgyzystanyň hökümeti bu guramanyň agzalaryny we tarapdarlaryny “ekstremist” diýip atlandyryp, ony gadagan edipdi.

XS
SM
MD
LG