Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

M.Aziýa: Goşuna çagyryş başlandy


Merkezi Aziýanyň hökümetleri 1-nji oktýabrda goşun gullugyna güýzki çagyryşyň başlanmagy bilen ýaşlaryň harby gullukdan boýun gaçyrmagynyň öňüni almak boýunça çäre görýärler.

Gyrgyzystanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň resmisi Ruslan Abdrahmanowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, goşun gullugyndan birnäçe gezek boýun gaçyran ýaşlaryň ýurduň daşyna gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň atlaryndan düzülen sanaw Serhet gözegçilik gullugyna iberiler.

Täjigistanyň Hujand şäheriniň häkimi Rajabboi Ahmadzodanyň 30-njy sentýabrda aýtmagyna görä, regional resmileriniň ogullarynyň sanawy hem taýýarlanýar we olaryň şu sapar goşun gullugyna çagyrylýanlaryň arasynda bolmaklary mümkin.

18-27 ýaş aralygyndaky ýaşlar Gyrgyzystanda bir ýyl, Täjigistanda iki ýyl möhlet bilen goşun gullugyna çagyrylýar. Türkmenistanda iki ýyl möhletli goşun gullugyna güýzki çagyryş barada karara 17-nji sentýabrda gol çekildi.

XS
SM
MD
LG