Sepleriň elýeterliligi

Russiýa ukrain resmilerine garşy sud işini gozgady


Russiýanyň ýolbaşçylary Ukrainanyň goranmak ministrine we beýleki ýokary derejeli harby resmilerine garşy derňewleri başladandygyny habar berýärler.

2-nji oktýabrda Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin Ukrainanyň harby liderleriniň, şol sanda goranmak ministri Waleriý Heleteýiň we Baş ştabyň ýolbaşçysy Wiktor Muženkonyň genosid we uruş jenaýatlary bilen aýyplanýandygyny yglan etdi.

29-njy sentýabrda Russiýa Ukrainanyň iň ýokary derejeli syýasy we harby liderlerini, şeýlede milletçi guramalary gündogar Ukrainadaky rus dilli raýatlara garşy “genosidi” amala aşyrmakda aýyplapdy.

Ukrainanyň ýolbaşçylary gürüňi edilýän aýyplamalary ýok saýyp, Russiýanyň Derňew komitetiniň resmilerine garşy jenaýat derňewlerini başlatdy.

Ukrain güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda gündogar Urainada alty aý bäri çaknyşyklar dowam edýär. Şol çaknyşyklarda azyndan 3 müň adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG