Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Opozisiýa “jenaýatçylar” diýlip atlandyryldy


Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazan Rahimzoda Duşenbede hökümete garşy demonstrasiýalary geçirmegi planlaşdyrýan oppozision topary “jenaýatçylar’ diýip atlandyrdy.

7-nji oktýabrda “TASS” rus habar gullugyna beren maglumatynda Rahimzoda “Group 24” hereketiniň liderleri “Täjigistanda dürli jenaýatlar bilen gözlenýän we häzirki wagt ýurduň daşynda ýaşaýan jenaýatkärlerdir” diýdi.

Täjigistanyň metbugat serişdeleri 10-njy oktýabrda Duşenbeniň merkezinde protest çärelerini geçirmek barada onlaýn internetde edilen çagyryşlaryň arkasynda gaçgaklykdaky oppozision lider Umarali Kuwwatowyň guramasynyň bardygyny belleýärler.

Şol maglumatlarda protest çärelerini geçirmek baradaky çagyryşlaryň ýurtda ýüzlerçe websahypanyň, şol sanda Facebook we YouTube saýtynyň petiklenmegi bilen ilteşiginiň bardygy nygtalýar.

Täjigistanda 5-nji oktýabrdan bäri ýüzlerçe websahypa girip bolmaýar.

XS
SM
MD
LG