Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz-gazak ylalaşyklary barada derňew başladyldy


Fransiýada Nikolas Sarkoziniň prezidentlik eden döwründe fransuz we gazak hökümetleri arasynda baglaşylan 2,5 milliard amerikan dollary möçberindäki şertnama bilen baglanyşykly para-peşgeşiň alnandygy güman edilip, derňewler başladyldy.

“Le Monde” gazeti özüniň 7-nji oktýabrda çap eden maglumatynda hapa pullary ýuwmak baradaky resmi derňewleriň geçen ýylyň mart aýynda başlandygyny ýazdy.

Bu maglumaty anonim görnüşinde gürrüňdeş bolan Parižyň kazysy “The Associated Press” habar gullugyna beren maglumatynda tassyklady.

Korrupsiýa we hapa pullary ýuwmak baradaky başlangyç aýyplamalar geçen aý üç adama, şol sanda Sarkoziniň kömekçisi bolup işlän öňki resminiň aklawçysyna garşy gozgaldy, diýip kazy belledi.

2010-njy ýylyň oktýabr aýynda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Pariže eden saparynyň çäginde birnäçe, şol sanda “Eurocopter” atly fransuz kampaniýasy tarapyndan Gazagystana 45 dikuçary satmak barada ylalaşyklara gol goýlupdy.

XS
SM
MD
LG