Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ukrain piloty psihiatrik barlagdan geçirilýär


Russiýanyň derňewçileri rus tussaghanasynda saklanylýan Ukrainanyň howa güýçlerine degişli pilot Nadiýa Sawçenkonyň psihiatrik barlagdan geçmegi üçin Moskwadaky keselhana ýerleşdirilendigini habar berýärler.

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin özüniň 13-nji oktýabrda beren maglumatynda Russiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, agyr jenaýatlar bilen aýyplanýan we ýowuz jezalar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljek tussaglaryň psihiatrik barlagdan geçmegi standart düzgün hasaplanylýar diýdi.

Sawçenko iki rus žurnalistiniň öldürilmegine gatnaşanlykda aýyplanýar. Gürrüňi gidýän žurnalistler gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky konflikt barada habar taýýarlaýan mahaly öldürilipdiler.

Sawçenko özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Ukrain pilotynyň aklawçysy Mark Feýgin psihiatrik barlaglara garşy öz müşderisiniň protest bildirendigini aýtdy.

Sawçenko iýun aýynda tussag edilipdi. Kiýew onuň azatlyga goýberilmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG