Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymda ilat ýazuwy geçirilýär


Orsýetiň häkimiýetleri Krymda ilat ýazuwyny geçirýärler.

14-nji oktýabrda başlanyp, 25-nji oktýabra çenli geçirilýän bu çäre Krym ýarymadasynyň mart aýynda Ukrainadan bölünip Orsýetiň düzümine goşulmagyndan bäri ilkinji ilat ýazuwydyr.

Krymyň Statistika boýunça döwlet gullugynyň resmisi Ýelena Twirowiçiň žurnalistlere aýtmagyna görä, ýerli ýaşaýjylara 33 sany sowal, şol sanda adres, ýaşaýan ýeri, maşgala statusy, girdejileri we etniki gelip çykyşy barada soraglar berilýär.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, bu ilat ýazuwy krym tatarlaryna basyş edilýän döwrüne gabat geldi. Türki dilli bu musulmanlaryň aglaba bölegi Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmegine garşy çykyş edipdi.

2001-nji ýylyň ilat ýazuwyna laýyklykda, Krymyň ilaty 2.34 million adamdan ybarat bolup, olaryň 60% ors, 24% ukrain we 12.4% krym tatarlary diýip özlerini ýazdyrypdy.

Orsýetde milli ilat ýazuwy 2010-njy ýylda geçirildi we indikisi 2020-nji ýyla planlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG