Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň işgäri Eboladan ýogaldy


BMG-niň işgäri Ebola wirusyndan Germaniýada ýogaldy.

14-nji oktýabrda çap bolan maglumatlara görä, Leipzig şäheriniň keselhanasynda bejergi alan 56 ýaşly adam geçen gije ýogalypdyr.

Liberiýada işlän wagtynda Ebola wirusyna uçran bu medisina işgäri geçen hepdede Germaniýa barypdyr we ýurtda Ebola wirusyndan bejergi alýan üçünji näsag bolupdyr.

"Der Spiegel" gazeti ýene bir näsagyň Frankfurt şäheriniň keselhanasyna bejergi alýandygyny we ýene bir adamyň Hamburg şäheriniň keselhanasynda birnäçe hepdeläp bejergi alansoň öýüne goýberilendigini habar berdi.

Ebola zerarly esasan Günbatar Afrikada 4 000 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG