Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gürjü resmisine ýyl kesildi


Gürjüstanyň öňki premýer-ministri Wano Merabişwili 2006-njy ýylda gürjü bankiri Sandro Girgwlianiniň öldürilmegi bilen ilteşikli üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

20-nji oktýabrda Tbilisiniň sudy Merabişwilini bu waka bilen ilteşikli delilleri galplaşdyrmakda günäli tapdy. Şol döwür ol ýurduň içeri işler ministri wezipesinde işleýärdi.

Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwiliniň syýasy ýarany Merabişwili beýleki sud işi boýunça tussaglyk möhletini ýerine ýetirmek üçin eýýäm türmede saklanylýar. Ol ses berijilere para bermäge synanyşmakda aýyplanyp, 17-nji fewralda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Bu wakadan 10 gün soň, ol 2011-nji ýylda Tbiliside geçirilen protestlerde oppozision demonstrantlary dargatmakdaky roly üçin ýene-de 4 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG