Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa: Suwasty gözlegler togtadyldy


Şwesiýa Stokgolmyň suwlarynda “azyndan bir” daşary ýurt suwasty gämisiniň iş alyp baran bolmagynyň mümkindigini habar berýär.

24-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda kont-admiral Anders Grenstad habarçylara beren maglumatynda daşary ýurtlularyň amala aşyrýan şeýle suwasty hereketleri “kabul ederlikli däldir” diýdi.

Grenstad bu çykyşyny bir hepde dowam eden gözleglerden soň, Şwesiýanyň harbylary Stokgolmyň golaýyndaky suwlarda şübheli daşary ýurt suwasty gämisini gözlemegi togtadandyklary barada mälim edeninden birnäçe sagat soň etdi.

Uruş gämileriniň, mina agtaryjylaryň, dikuçarlaryň we 200-den gowrak harbynyň gatnaşmagynda geçirilen gözlegler suwastyndaky şübheli ýagdaýlaryň döremegine zaýalanan rus suwasty gämisiniň sebäp bolandygy baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.

Moskwa bu çaklamalary ret edip, niderland suwasty gämisini aýyplady.

Niderlandlar bu aýyplamalary ret etdi.

Şwesiýanyň harby resmileri şübheli ýagdaýlaryň döremeginde takyk bir ýurdy günälemedi.

XS
SM
MD
LG