Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Atyşykda iki adam öldi


Birleşen Ştatlaryň Seatl şäheriniň golaýyndaky mekdepde bolan atyşykda iki adam, şol sanda bir student öldi.

Ýene dört studentiň ýaralydygy, olaryň üçüsiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Mariswildäki mekdepde öz ýoldaşlaryny oka tutan student soň ýarygyny özüne öwrüpdir.

Häkimiýetler bu atyşyga nämäniň sebäp bolandygyny bilmeýändiklerini aýtdylar.

Şaýatlar ýaragly adamyň gowy görlen student, şol bir wagtda mekdebiň göreş we futbol komandalarynyň agzasy bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG